ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy halkara mugallymlara öz dersleri boýunça tejribelerini artdyrmak, mugallymçylyk ukyplaryny ýokarlandyrmak we ABŞ barada bilimlerini giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýän 2026-2027-nji ýyl üçin Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksatnamasy üçin açyk bäsleşigi yglan edýär. Gatnaşýanlar 2027-nji ýylyň ýanwar ýa-da sentýabr aýyndan başlap alty hepdelik maksatnama üçin ABŞ-a syýahat ederler. Bu ylmy dereje bermeýän okuw maksatnamasy okuw usulyýetini, sapak meýilnamalaşdyrylyşyny we okatmagyň strategiýalaryny, şeýle hem kompýuteri Internet, ýazuw we okuw guraly hökmünde ulanmagy öwredýän okuw işlerini we intensiw taýýarlyk derslerini  öz içine alýar. Akademik maksatnamanyň bir tapgyry hökmünde gatnaşyjylar öz ýurtlarynda derslerde ulanmak üçin sapaklaryň birnäçesini taýýarlamaga we düzmäge mümkinçilik alarlar hem-de maksatnamanyň dowamynda geçiriljek maslahatda hödürlemek üçin sapaklaryň birini gysga açyk sapak hökmünde taýýarlamaga mümkinçilik alarlar. Bu alty hepdelik maksatnama halkara gatnaşyjylar bilen amerikan mugallymlarynyň we okuwçylarynyň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmak üçin orta mekdepde kyrk sagatlyk tejribe işini hem öz içine alýar. Maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylar medeni syýahatlar we doly okuw goldawy bilen hem üpjün edilerler.

Dalaşgärler maksatnamanyň sowalnamasyny doldurmaly we aşakdaky talaplara laýyk gelmeli: 

  • Dalaşgärler azyndan 5 ýyl iş tejribeli (doly iş güni), we häzirki wagtda orta mekdeplerde ýa-da bilim merkezlerinde iňlis dili, matematika, takyk ylymlar ýa-da jemgyýetçilik ylymlary dersleri boýunça okadýan mugallymlar bolmaly.
  • 12-18 ýaş aralygyndaky okuwçylary okadýan; goşmaça synp derejelerini okatmaga jogapkär mugallymlar orta ýa-da uly ýaşly mekdep okuwçylaryna iş wagtynyň 50%-den gowragyny sarp edýän bolmaly.
  • Maksatnamadan soň bäş ýyllap mugallymçylygy dowam etdirmegi meýilleşdirýän bolmaly .
  • Arza tabşyrylýan we maksatnama gatnaşylýan döwründe Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan we zähmet çekýän bolmaly.

Bilim ulgamynda işleýän dolandyryjylaryň (Bilim ministrliginiň wekilleri ýa-da işgärleri hökmünde) we azyndan 50% sapak bermeýän mekdep dolandyryjylary, mugallymlara tälim berijiler, uniwersitet fakultetleriniň agzalary, hususy iňlis dili mugallymlary we ilkinji nobatda daşary ýurtlulara hyzmat etmek jogapkärçiligi bolan mekdep mugallymlary maksatnama gatnaşyp bilmezler.

2027 Fulbraýt Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksatnamasy üçin anketalar 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 15-ne sagat 23:59-a çenli AshgabatEducation@state.gov kabul ediler.