Tu­tuş mu­sul­man ym­ma­ty üçin aýlaryň iň mübäregi hasaplanan, mukaddes Remezan aýy geldi. Mu­kad­des Remezan aýy ruhy taý­dan tä­miz­li­giň hem-de ha­ýyr-sa­ha­wa­tyň aýy ha­sap­lan­ýar. Remezan aýy ge­len­de, jem­gy­ýet­de ha­ýyr-sa­ha­wat kö­pe­lip, adam­la­ryň ara­syn­da bi­rek-bi­rek bi­len ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­lar has-da ber­ke­ýär. Beý­le­ki aý­la­ra gö­rä, sa­ha­wat­ly iş­le­riň has köp amal edil­ýän bu aýy­ göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýan mü­bä­rek Remezan aýy hal­ky­my­zyň däp-des­sur­la­ry­ny hem-de pä­him-paý­ha­sy­ny, me­de­ni we ru­hy mi­ra­sy­my­zy özün­de jem­le­ýär. Hem­mä­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, Remezan aýy täze Aýyň görünmegi bilen baş­lan­ýar. Onda yl­myň hä­zir­ki za­man ga­za­nan­la­ry­ny-da ulan­mak in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Hä­zir­ki zaman ast­ro­no­mi­ýa yl­my Aýyň we Gü­nüň he­re­ket­le­ri­ni ta­kyk gör­nüş­de kes­git­läp bil­ýär. Ast­ro­no­mik ha­sap­la­ma­laryň ne­ti­je­sin­de, Günüň dogýan we ýaşýan wagty bilen bir hatarda, na­maz wag­ty­ny gör­kez­ýän bir­nä­çe ýyl­lyk senenamalar hem taý­ýar­lan­ýar. Şol senenama gö­rä, amal et­mek hem dürs­dür. Elbetde, Remezan aýynyň gelmegine uly-kiçi ýaşdaky adamlaryň öz garaýyşlary, arzuw umytlary bilen garaşýarlar. Sebäbi, bu aýa turuwbaşdan hoşniýetliligiň, ruhy päkizeligiň hormaty hökmünde garalýar. Remezan aýy golaýlanda, şadyýan çagajyklar topar-topar bolup, goňşularyna öýme-öý aýlanmagy, her bir ojaga baranlarynda halkymyzda dilden-dile geçip, ýaşuly nesilleriň öwredişi ýaly, ýagşy doga-dilegler bilen bilelikde ýaremezan aýtmaklary remezan aýynyň gelmeginiň buşlukçysy bolup durýarlar. Musulman däpleriniň içinde her güni nurdan doly Remezan aýynyň esasy häsiýetleriniň biri hem agyz beklemek bolup, saglygyňy berkidip, köňül rahatlygyňa eýe bolmagydyr. Jany sag ildeşlerimiziň her biriniň oraza tutup, onuň kada-kanunlaryny berjaý edip bilmegi hem erkinlikden nyşan bolup durýar. Oraza tutýan adam iýmitden saklanyşy ýaly, ýaramaz häsiýetlerden, biweç endiklerden hem gaça durmagy zerurlyk hasaplanylýar. Oraza tutmagyň ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyna ýetirýän täsiri, ähmiýeti, oraza baýramynyň biziň döwletimizde bellenilişi we bu aý bilen baglanyşykly beýleki däp-dessurlar barada Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Oraza tutmak hem ruhy, hem beden saglygy üçin örän peýdalydyr. Bu aýy agyz beklemek we köp ýagşy işleri etmek bilen geçiren adamyň göwni galkynýar, ruhy belent bolýar. Ruhubelentligiň bolsa ynsanyň beden sagdynlygyna uly täsir edýändigi äşgärdir. Bu düzgünler agyz bekleýän adamdan diňe iýip-içmekden däl, eýsem, ýaramaz endiklerden hem gaça durmagy talap edýär» diýip jaýdar belleýär. Mübärek Remezan aýy tutuş ýer ýüzi üçin rahmet aýy hasap edilýär. Daň atandan Gün batýança iýip-içmekden, şeýle hem makullanylmaýan hereketleri etmekden saklanmak, aýyň bereketiniň öý-ojaklarymyza, maşgalamyza ýokmagy üçin dileg-ybadatlara has köp meşgul bolmak bu aýyň aýratynlyklarynyň biridir.

Ýer ýüzündäki musulmanlaryň ählisi mübärek Remezan aýynyň gelerine sabyr bilen garaşýarlar. On bir aýyň sol­ta­ny mu­kad­des Re­me­zan aýy ýetip gel­di. Ýur­du­my­zyň  met­jit­le­rin­de ta­ra­wa na­ma­zy oka­lyp başlandy. Ça­ga­lar ýa­re­me­zan aý­dyp, Re­me­zan aýy­nyň baş­la­nan­dy­gy­ny buş­la­dylar. Remezan aýy­na mah­sus bo­lan ag­za­çar sa­da­ka­la­ry jem­gy­ýet­de agzybirligi güýç­len­dir­ýär. Şo­nuň üçin bu aý­da adam­lar köp­räk ag­za­çar be­rip, dost-ýar­la­ry­ny, do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­ny bir ýe­re jem­läp, ag­zy­bir­li­giň hem-de bi­te­wi­li­giň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär­ler. Mübärek aýyň başlanmagy bilen hormat-sylagyň artmagy bolsa, tutuş jemgyýetçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bu mu­kad­des aý di­leg­le­riň ka­bul bol­ýan aýy­dyr. Ora­za aýyn­da dün­ýäniň äh­li mu­sul­man­la­ry­na ýag­şy­lyk, eziz Wa­ta­ny­my­za tä­ze sep­git­le­re ýet­me­gi, hal­ky­my­za ag­zy­bir­lik, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ha­jy Ar­ka­da­gy­my­za, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyza berk jan sag­lyk, uzak ömür, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy­ny di­leg ed­ýä­ris. Haýyr-sahawatyň mübärek aýynda ähli ýagşy doga-dilegleriňiz, berjek sadakalaryňyz beýik biribaryň dergähinde kabul bolsun!

 HURMAGÜL ANNAGURBANOWA, Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň KAIG-nyň başlygy tälimçi-mugallymy.