Soňky 10-12 ýylyň dowamynda Müsür ozal ýurtdan bikanun ýollar bilen çykarylan 30 müň sany taryhy ýadygärligi yzyna gaýtaryp aldy. Bu barada Müsüriň syýahatçylyk we gadymyýet işleri boýunça ministri Şerif Fathi habar berdi.
Müsüriň Gadymyýet işleri boýunça ýokary geňeşiniň baş sekretary, arheolog Mohammed Ismail Haled hem mundan ozal ýurtdan bikanun çykarylan gymmatlyklaryň diplomatik ýollar arkaly yzyna gaýtarylýandygyny mälim edipdi. Soňky bir ýylyň dowamynda Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet işleri ministrligi taryhy tapyndylaryň gaýtarylýandygy barada birnäçe gezek resmi beýannama bilen çykyş etdi.
2022-nji ýylda Müsüriň öňki gadymyýet işleri ministri we tanymal arheolog Zahi Hawass Britan muzeýinden we Luwrdan Rozetta daşyny hem-de Dender zodiagyny yzyna bermeklerini sorap, ýüz tutupdy. Emma häzirki wagta çenli bu islege hiç hili resmi jogap berilmedi.
PDF









