Faraon Amenhotep III-iň aramgähi 20 ýyla çeken abatlaýyş işlerinden soň açyldy. “Associated Press” agentligi aramgähiň açylmagynyň Kairde Beýik Müsür muzeýiniň resmi açylyşyna taýýarlygyň bir bölegidigini habar berdi.
Müsüriň gadymyýet boýunça ýokary geňeşiniň baş sekretary Muhammet Ysmaýylyň pikiriçe, aramgäh uly gyzyklanma döredýär. Meşhur Patyşalar jülgesiniň günbatar tarapynda ýerleşýän ýerde faraonyň jaýlanan otagy we onuň aýallary üçin başga iki otag bar.
Agentlige beren interwýusynda Ysmaýyl jülgedäki beýleki gadymy mazarlardan tapawutlylykda, Amenhotepiň aramgähiniň doly bezelmändigini aýtdy. Fresklerde faraonyň özi gadymy Müsür taňrylarynyň bir topary bilen şekillendirilipdir we jaýlanan otagynda bolsa, gadymy Müsüriň ýerasty dünýäsinde bakyýete göç edenleri dolandyrmak üçin döredilen dogalar ýygyndysyndan ybarat bolan kitapdan sahnalaryň beýany bar.
Beýik Amenhotep ady bilen hem tanalýan Amenhotep III miladydan öňki 1550-nji ýyldan 1292-nji ýyla çenli höküm süren Gadymy Müsüriň 18-nji neberesiniň iň meşhur faraonlaryndan biri. Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda Amenhotepiň aramgähinde ýapon hünärmenleriniň gözegçiligi astynda dikeldiş işleri, şol sanda faraonyň we onuň aýallarynyň diwar suratlaryny abatlamak işleri geçirildi.