Müsüriň Sakkara nekropolynda arheologlar tarapyndan, takmynan, 4300 ýyllyk, Heka-Şepes atly adama degişli bolan we bütinleý altyn bilen örtülen seýrek mumyýa tapyldy. 15 metrlik şahtanyň düýbünde, hek daşyndan ýasalan we möhri hiç açylmadyk sarkofagyň içinden çykan bu tapyndy Gadymy patyşalyk döwrüniň (XXV–XXII asyrlar b.e.ö.) iň gymmatly açyşlarynyň biri hasaplanýar. Altyn gadymy Müsürde “hudaýlaryň iýmiti” hasaplanyp, diňe ýokary gatlagyň elitasyna elýeterli bolupdyr.
Mundan başga-da, şol bir toplumda patyşalyk žresine degişli dokuz sany reňkli heýkeljik we Fetek atly başga bir şahsyýetiň gubury ýüze çykaryldy. Agajyň Müsür topragynda çüýremän saklanmagy seýrek hadysa bolup, tapylan agaç heýkeljikler gyssagly konserwasiýa işlerini talap edýär. Diwarlardaky ieroglifler we tapylan amuleter, kosmetik gaplar hem-de durmuş esbaplary şol döwrüň jemgyýetçilik iýerarhiýasyny we jaýlamak däplerini düýpli öwrenmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ähli tapyndylar dokumentleşdirilýär we doly ylmy maglumatlaryň neşir edilmegine garaşylýar.