Mýanmada täze saýlanan parlamentiň ilkinji mejlisleri mart aýynyň ortalarynda geçiriler we şondan soň ýurduň Prezidentini saýlamak işine girişiler. Bu barada “The Diplomat” žurnaly habar berýär.
Habar berlişi ýaly, parlamentiň aşaky palatasy 2026-njy ýylyň 16-njy martynda, ýokary palatasy bolsa 18-nji martynda ýygnanar. Şondan soň iki palata hem aprel aýynda wezipesine girişjek döwlet Baştutanyny saýlamaly bolar.
Mýanmada ählumumy parlament saýlawlary üç tapgyrda – 2025-nji ýylyň 28-nji dekabrynda, 2026-njy ýylyň 11-nji we 25-nji ýanwarynda geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça Bileleşigiň raýdaşlyk we ösüş partiýasy parlamentde orunlaryň köpüsini eýeledi.
PDF









