14-16-njy fewral aralygynda Mýunhende geçirilen 61-nji howpsuzlyk maslahatyna köp sanly syýasatçylar we bilermenler gatnaşyp, köpugurly ösüşiň hem-de çylşyrymly geosyýasy ýagdaýlaryň çaltlaşýan döwründe global howpsuzlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Guramaçylaryň belleýşi ýaly, şu ýylky maslahat ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň işe girişmegi, täze Ýewropa Komissiýasynyň bellenilmegi we Germaniýada geçiriljek parlament saýlawlary bilen baglanyşykly möhüm pursatda bolup geçýär. Bu wakalaryň hemmesi halkara gatnaşyklary üçin uly netijelere getirip biler. Maslahatyň başlygy Kristof Hoýsgen açylyş dabarasynda durnuklylygy gazanmak maksady bilen howanyň üýtgemegi, kiber giňişlik we emeli aň ýaly ugurlarda gepleşikleriň möhümdigini aýtdy.
-Bu gün, bize öňküsinden has köp gepleşik gerek – diýip, Kristof Hoýsgen dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýlar barada durup geçdi.
Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmeýer öz çykyşynda Germaniýanyň köptaraplaýyn daşary we howpsuzlyk syýasatyna ygrarlydygyny belläp, ýakyn dört ýylda bolup biljek halkara gatnaşyklarynyň üýtgemegine alada bildirdi.
Üç gün dowam eden çärä 60 töweregi döwlet we hökümet Baştutany, 150 ministr, şeýle hem iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Maslahatyň gün tertibinde global dolandyryş, klimat howpsuzlygy, sebitdäki gapma-garşylyklar we çökgünlikler esasy meseleler hökmünde orta atyldy. Mundan başga-da, transatlantik gatnaşyklaryň geljegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.