Her jan­da­ryň özü­ne mah­sus uk­la­ýyş aý­ra­tyn­ly­gy bar. My­sal üçin, ga­ryn­ja­lar iý­mit da­şap bar­ýar­ka ýol­da az sa­lym uk­la­ýan bol­sa, kit­ler su­wuň ýü­zün­de uka gid­ýär­ler. Dö­şün­de şar şe­kil­li gy­zyl ösünt­gi­si bo­lan fre­gat guş­la­ry bol­sa uçup bar­ýar­ka uk­lap bil­ýär­ler. Jan­ly-jan­dar­la­ryň ara­syn­da dik aýak üs­tün­de uk­lap bil­ýän­le­ri hem bar. At, zeb­ra, ži­raf, pil ýa­ly süý­dem­di­ri­ji­ler we de­ňiz ke­nar­la­ryn­da ýa­şa­ýan fla­min­go­lar aýak üs­tün­de uk­la­ýar­lar. Eý­sem, bu jan­dar­lar nä­me üçin aýak üs­tün­de uka gid­ýär­ler­kä?

Te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, haý­wa­nat dün­ýä­si­niň ag­za­la­ry­nyň kä­bi­ri uk­la­mak üçin howp­suz ýe­re geç­ýän bol­sa, kä­bi­ri gö­zü­ni açyp uk­la­ýar. Jan­ly-jan­dar­la­ryň kö­pü­si uka gi­den­de ola­ryň beý­ni­si­niň di­ňe ýa­ry­my dynç al­ýar, ýa­rym beý­ni­si bol­sa howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek üçin iş­läp dur­ýar. Göw­re­si uly süý­dem­di­ri­ji­ler­de dik du­rup uk­la­mak en­di­gi hem bar. At, zeb­ra, ži­raf, pil ýa­ly süý­dem­di­ri­ji­ler ýa­ba­ny te­bi­gat­da howp as­tyn­da ýa­şa­ýar­lar. Şol se­bäp­li bu jan­dar­lar howp aba­nan ýag­da­ýyn­da gaç­ma­ga ta­ýyn bol­mak üçin aýak üs­tün­de uk­la­ýar­lar.
Kä­bir süý­dem­di­ri­ji­ler­de, esa­san hem, at­lar­da «dik dur­mak en­ja­my» di­ýil­ýän ýö­ri­te myş­sa we do­ku­ma gur­lu­şy bar. Bu çe­ýe myş­sa­la­ryň kö­me­gi bi­len at­lar aýa­gy­ny dik sak­lap, uk­lap bil­ýär­ler. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, at­lar dynç alan­da aýa­gy «gulp­lan­ýar» we be­de­niň de­ňag­ram­ly sak­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. At­lar bir­nä­çe sa­gat­lap dik du­ran ýe­rin­de uk­lap bil­ýär­ler.
Pil­ler dik du­ran ýe­rin­de az wagt­lyk uka gid­ýär­ler. Äpet göw­re­si bi­len ta­nal­ýan bu jan­dar hüş­gär bol­mak üçin gü­nüň do­wa­myn­da az-az­dan bir­nä­çe ge­zek uk­la­ýar.
Haý­wa­nat dün­ýä­sin­de iň ýe­ňil uk­la­ýan­la­ryň ara­syn­da ži­raf hem bar. Her gün or­ta­ça 30 mi­nut­dan bir­nä­çe ge­zek uk­la­ýan uzyn boý­ly bu jan­dar­lar gü­nü­ň esa­sy bö­le­gi­ni iş­jeň ýag­daý­da ge­çir­ýär­ler.
Zeb­ra­lar hem at­lar ýa­ly uk­lap ýa­tyr­ka de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­mak üçin «aýa­gy­ny gulp­la­mak» me­ha­niz­mi­ni ulan­ýar. Sa­wan­na­la­ryň be­ze­gi bo­lan ala­be­der jan­dar­lar ýyr­ty­jy­lar­dan, esa­san hem, ýol­bars­lar­dan go­ran­mak üçin to­par bo­lup aýak üs­tün­de uka gid­ýär­ler.
Gül­gün reň­ki we in­çe­den uzyn aýa­gy bi­len ta­nal­ýan fla­min­go­lar hem dik du­rup, hat­da bir aýa­gy­nyň üs­tün­de hem ýa­typ bil­ýär­ler. Alym­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, fla­min­go­la­ryň aýak üs­tün­de uk­la­ma­gy be­de­ni­niň ýy­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­gy­na we ener­gi­ýa tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
Is­len­dik jan­dar aýak üs­tün­de uk­la­ma­gy ba­şar­ma­ýar. Dik du­ran ýe­riň­de uk­la­mak kä­bir jan­da­ryň ýa­ba­ny te­bi­gat­da­ky ösen ewol­ýu­si­ýa aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup, özü­ni dür­li howp­dan go­ra­mak üçin ulan­ýan usu­ly­dyr. Kä­te sy­gyr, dü­ýe ýa­ly öý jan­dar­la­ry hem aýak üs­tün­de uka gid­ýär­ler.