NASA-nyň bilermenleri kosmosa iberiljek LCRD atly lazer ulgamy bilen maglumatlaryň Ýerdäki bekede geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin täze taslamalary işläp taýýarlaýar. Lazerleriň radio ýygylyklaryny ulanmak arkaly maglumat geçirilişi 10-dan 100 essä çenli tizleşer. Bilermenleriň pikiriçe lazerleriň ulanylmagy radio ýygylyk spektrindäki dyknyşyk meselelerini hem aradan aýrar. Soňky ýyllarda Ýeriň aşaky orbitasyndaky ululy-kiçili emeli hemralaryň köpelmegi bilen bu mesele has-da güýçlendi. Şol sebäpli kompaniýalar köplenç bir-biriniň spektrine kadalaşdyryjy talaplar bilen ýüz tutýarlar.