Dünýäniň iň uly elektron paýnama biržalarynyň biri bolan “Nasdaq” maýa goýum kompaniýalary üçin kripto saklamaga mümkinçilik berýän hyzmaty hödürlemegi göz öňünde tutýar. Merkezi edarasy Nýu-Ýorkda ýerleşýän kompaniýa 2018-nji ýyldan bäri kripto amallary üçin tehnologiýa üpjün edýär. “Nasdaq” 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde öz indeksine esaslanýan “Nasdaq Crypto Index ETF” harydyny satuwa çykarypdy. “Nasdaq”-yň häzirki wagtda kripto saklaýan hyzmatyny hödürlemek üçin ýüz tutandygy mälim edildi. Şeýle-de bolsa biržanyň diňe tehnologiýa hödürlejekdigi, kriptopul söwdasyny etmäge mümkinçilik döretmejekdigi aýdyldy.
Bilermenleriň bellemeklerine görä, kripto saklamak hyzmaty girdejilidigine garamazdan, bu ugurda iş alyp barýan şereketleriň sanynyň köplügi sebäpli bäsdeşligiň ýiti ugurlaryndan biri hasaplanýar.
Seýitaly Arslanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby