AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda Günbatar sebiti boýunça “B” toparçada “Al-Haldiýa” bilen “Andijonyň” arasyndaky duşuşykda hasap açylmady. “Andijon” topary geçiren 4-nji duşuşygynda ne gol geçirdi, ne-de gol geçirtdi. Bu toparçada şu wagta çenli 9 duşuşyk geçirilip, 5-si golsuz 7-si deňlikde tamamlandy. Ýeri gelende bellesek, “Al-Haldiýa” bilen “Al Ahliniň” arasyndaky duşuşyk wagtyndan öň oýnalyp, oýunda myhmançylykdaky topar 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

“C” toparçada çykyş edýän “Ahal” topary Eýranyň “Sepahan” topary bilen duşuşdy. Duşuşyk çekeleşikli ýagdaýda geçip, ildeşlerimiz 90-njy minutdan soň ýeňşi elden giderdi. Oýnuň 9-njy minutynda ýer eýeleri Rezawandyň goly bilen öňe geçse-de, türkmen futbolçylary 27-nji minutda Süleýman Mirzoýewiň goly bilen hasaby deňledi. 62-njy minutda Bagtyýar Gürgenowyň goly “Ahaly” 2-1 hasabynda öňe saýlady. Duşuşygyň 65-nji minutynda “Ahal” toparynyň oýunçysy Azat Rahmanow 2-nji sary kartdan soň, gyzyl kart aldy. Muňa garamazdan, “Ahal” topary oýnuň soňuna çenli goragy elden bermedi. Ýöne 90+6-njy minutda Askariniň geçiren goluna çäre tapmak başartmady we duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Toparçada “Mohun Baganyň” ýaryşdan çykmagy ähli hasabatlara oňaýsyz täsirini ýetirdi. Ýogsam “Ahal” topary myhmançylykda Hindistanyň wekilini ýeňipdi. Netijede, “Mohun Bagan” bilen geçirilen oýunlar hasaba alynmady we “Ahal” toparynyň ýaryşy dowam etmek mümkinçiligi galmady. Iordaniýanyň “Al-Hussein” topary bilen Eýranyň “Sepahan” topary 1/8 finala atlaryny ýazdyrdylar.

“A” toparçada BAE-niň “Al-Wasl” topary öz meýdançasynda Bahreýniň “Al-Muharrak” topary bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. Utugyny 10-a çykaran “Al-Wasl” 1/8 finala çykmagy başardy.

“D” toparçada Saud Arabystanynyň öňdebaryjy toparlaryndan “Al-Nassr” öz meýdançasynda Hindistanyň “Goa” toparyny 4-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Garib (35, 53), Maran (65) hem-de Žoao Feliks (84) tapawutlandy. Utugyny 12-ä ýetiren “Al-Nassr” toparyna matematiki hasap boýunça häzirlikçe 1/8 finala çykmak başartmady. Sebäbi “Al-Nassr” toparynyň 2-3-nji ýerlerdäki “Al-Zawraa” hem-de “Istiklol” bilen arasynda 6 utuk bar. Arap klubunyň galan 2 duşuşygy hem şol bilen bolar. “Al-Nassr” topary 13 gol geçirip, bary-ýogy 1 gol geçirtdi.

Gündogar sebitinde “F” toparçadan “Gamba Osaka” 1/8 finala çykmagy başardy. 4-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazanan ýapon kluby utugyny 12-ä ýetirdi.

Günbatar sebiti boýunça toparçadaky 4-nji duşuşyklaryň netijeleri:

“A”: “Al-Wasl” (BAE) – “Al-Muharrak” (Bahreýn): 2-2, Al-Wehdat” (Iordaniýa) – “Esteglal” (Eýran): 1-1

“B”: “Arkadag” (Türkmenistan) – “Al Ahli (Katar): 1-1, “Al-Haldiýa” (Bahreýn) – “Andijon” (Özbegistan): 0-0

“C”: “Sepahan” (Eýran) – “Ahal” (Türkmenistan): 2-2

“D”: “Al-Nassr” (Saud Arabystany) – “Goa” (Hindistan): 4-0, “Al-Zawraa” (Yrak) – “Istiklol” (Täjigistan): 2-1