Wengriýa bilen Serbiýa, “Družba” turbageçirijisinden rus nebitini Wengriýanyň üsti bilen Serbiýa akmagy üçin iki ýurduň arasynda nebit geçirijisini gurmak barada ylalaşdylar. Muny Wengriýanyň hökümetiniň resmi wekili Zoltan Kowaçs mälim etdi. Zoltan Kowaç sosial ulgamdaky sahypasynda: “Täze nebit geçirijisi turbageçiriçä we Serbiýa arzan Ural nebitini almaga mümkinçilik berer” diýip ýazdy.