Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynda diňe bir ykdysady taýdan möhüm ähmiýetli däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygynyň berkidilmeginde uly orun eýeleýän iri taslamalar amala aşyryldy. Munuň üçin ygtybarly, durnukly energiýa üpjünçiligi, energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagy, gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösdürilmegi hem-de energiýa netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy zerurdyr.
Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolup durýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyz iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini düýpli giňeldýär. Şunda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli ýangyç-energetika toplumyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary işjeň ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.
Mälim bolşy ýaly, gaz senagaty ýurdumyzyň senagat önümçiliginiň möçberiniň ýarysyndan gowragyny eýeleýär. Häzirki wagtda gaz pudagynda uglewodorod serişdelerini ýüze çykarmak, agtarmak, ulanmak, daşamak we saklamakdan başlap, ony gaýtadan işlemäge we sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçiligiň ähli tapgyrlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly täze ýataklary gözlemek, baha bermek we senagat taýdan özleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Uly möçberli Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasy sebit hem-de dünýä energetika howpsuzlygy babatda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz gorlary bar we «Brownstein» häzirki wagtda gurulýan gaz geçirijisi arkaly Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň üsti bilen eksport edilmegine ýardam bermek bilen, bu gymmatly energiýa serişdesini ýerlemäge çalyşýar.
TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi birnäçe sebäbe görä möhümdir. Birinjiden, ol Owganystana tebigy gazyň iberilmegini üpjün etmek bilen, owgan halkyna ynsanperwer goldaw berer. Ikinjiden, bu energetika pudagyndan başga-da infrastrukturanyň hem mundan beýläk ösmegi üçin mümkinçilikleri açar. Şeýlelikde, diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň hem ykdysady ösüşi üçin mümkinçilikleri döreder.
Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan häzirki wagtda bu tebigy baýlygyny durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwürýär. Ýurdumyz diňe bir çig mal eksporty bilen çäklenmän, köpugurly, ýokary goşulan bahaly we ekologiýa taýdan arassa energetika ekoulgamyny döretmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär. Bu strategiýanyň çäklerinde ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek hem-de döwrebap energetika we himiýa klasterlerini döretmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.
Ogulgözel BERDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň diller kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.
PDF









