Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Durmuş-ykdysady görkezijileriň ýokarlanmagy halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň netijeliliginiň görkezijisidir.
Ýakynda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabata görä, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,6 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy bolsa, 108,8 göterim boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 284,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 101,7 göterim berjaý edildi. Şeýle-de suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy.
Umuman, ýurdumyzyň nebit-gaz işgärleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde uly üstünlikleriň gazanylandygyny ynam bilen aýdyp bileris.
Häzirki wagtda Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolmak bilen, iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär. Ýangyç-energetika toplumynyň wajyp binýadyny emele getirýän gaz senagaty Diýarymyzyň senagat önümçiliginiň möçberiniň ýarysyndan gowragyny eýeleýär. Häzirki wagtda gaz pudagynda önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly täze ýataklary gözlemek, baha bermek we senagat taýdan özleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Gazy gaýtadan işleýän pudak hem barha ösýär. Tebigy gazy gaýtadan işleýän täze kärhanalaryň gurulmagy bilen, çig maly has çuň gaýtadan işleýän ýokary netijeli önümçilikler döredildi.
Mälim bolşy ýaly, nebit himiýa senagatynyň möhüm binýady bolup durýar. Bu gymmatly çig mal lybaslary, aýakgaplary, plastik önümleri, boýag serişdelerini, metallurgiýa üçin elektrodlary öndürmekde peýdalanylýar. Tehniki we durmuşda ulanylýan serişdeleri – örtüjileri, paketleri, kommunikasiýa turbalaryny, elektrik kabelleri örtüjileri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýan türkmen polietileni ýokary islegden peýdalanýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody nebitgaz senagatynyň gerimini giňeltmekde wajyp orny eýeleýär. Netijede, wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, ýokary oktanly awtoulag benzininiň, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan gazyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň, polipropileniň, gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçilikleri ýola goýuldy.
Üstümizdäki ýylda hormatly Prezidentimiz tarapyndan pudagyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň hatarynda tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek, nebit ýataklaryny netijeli özleşdirmek, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek ýaly möhüm wezipeler goýuldy. Bu wezipeler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagyny has-da ösdürmäge uly goşant bolar.
Ogulniýaz ANNATAGANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
PDF









