Bundestag üçin geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda, Germaniýa geçirilen teledebatda ýene-de sosial-demokratlaryň dalaşgäri ýeňiş gazandy. Maliýe ministri Olaf Şols garşydaşlary – dolandyryjy CDU/CSU bileleşiginiň lideri Armin Laşetden hem-de “ýaşyllaryň” lideri Annalena Berbokdan öňe saýlandy.

90 minuda çeken teledebatyň bütin dowamynda bäsdeşler klimat kartasynyň üstünde durup geçip, daşky gurşawy goramak boýunça tagallalary saklanýandyklary üçin birek-biregiň çetine degdiler. Şolsyň pikiriçe, CDU/CSU bileleşiginiň bu ugurdaky syýasaty diňe işsizligiň artmagyna sebäp bolar.

Şols CDU/CSU bileleşiginiň lideri Armin Laşete ýüzlenip:

– Siz bir gepiňizde onçakly köp elektrik energiýasyna zerurlygyň ýokdugyny aýtdyňyz. Şeýle strategiýa diňe pudakda iş ýerleriniň azalmagyna getirer, onsoň bu ýagdaý bilen ylalaşyp bolarmy? Dogrusy, men öz gezegimde, alternatiw energiýanyň paýyny artdyrmagyň tarapdary, biz eýýäm köp sanly teklip hem hödürledik, ýöne partiýaňyz tarapyndan ret edildi – diýdi.

Şol bir wagtyň özünde, “ýaşyl” dalaşgär Annalena Berbok teledebata gatnaşyjylary daşky gurşawy goramak üçin geljekdäki maýa goýumlaryny kesgitlemegiň deregine owadan geplemekde aýyplady. Ol öz gezeginde Germaniýany 2030-njy ýyla çenli kömürden doly ýüz öwürmäge çagyrdy.

-Men demir ýol ulgamyny, ýel beketlerini we Gün batareýalaryny giňeltmek ýaly infrastrukturany ösdürmäge ýylda 50 milliard ýewro maýa goýmagy teklip edýärin. Muňa häzirden girişmeli, ýogsam, soňra hemme zat gymmatlar we biz tölemäge ukypsyz bolarys – Annalena Berbok belledi.

Bu Şolsuň teledebatda gazanan ikinji ýeňşi bolup, Angela Merkeliň bileleşiginiň nemesleriň arasynda meşhurlygynyň peselendigini tassyklaýar. Armin Laşetiň indi emele gelen bu ýagdaýy ýeňip geçmegi üçin az wagty galdy.