Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň sag­dyn be­den­li, ylym­ly-bi­lim­li bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da giň ta­gal­la edil­ýär. Bu ugur­da müm­kin­çi­li­gi çäk­li ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny di­kelt­mek me­se­le­si hem yzy­gi­der­li üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar. Al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­me­li­di­ris. Gaz­na­nyň dö­re­dil­me­gi ag­zy­bir hal­ky­myz­da çuň­ňur ho­şal­lyk duý­gusy­ny dö­ret­di.
Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy öz se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ýur­du­myz­da­ky bir­nä­çe ça­ga­lar has­sa­ha­na­la­ry­na kä­mil luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry otur­dy­lan «Tiz kö­mek» aw­tou­lag­la­ry­ny sow­gat ber­di, gaz­na­nyň iş­le­ri­niň ha­ta­ryn­da luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da be­jer­gi al­ma­ga mä­täç ça­ga­la­ryň be­je­ri­lip, ope­ra­si­ýa edi­lip, sag­lyk­la­ry­ny di­kelt­mek­le­ri, mö­hüm teh­no­lo­gi­ýa se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edil­mek­le­ri, ze­rur bo­lan­da, da­şa­ry ýurt­la­ra ug­ra­dyl­mak­la­ry ýa­ly, köp ugur­ly iş­ler bar. Il-hal­kyň çäksiz al­ky­şy­na my­na­syp bol­ýan şeý­le mu­kad­des iş­le­riň ne­ti­je­si bo­lan en­çe­me «il­kin­ji ge­zek­ler» – ça­ga­la­ryň il­kin­ji ge­zek agy­ry-yn­jy­syz uk­lap bil­me­gi, il­kin­ji ge­zek aýak üs­tü­ne ga­lyp, ädim ät­me­gi, öň­den ga­pyl di­de­le­riň il­kin­ji ge­zek daş-tö­we­re­gi gör­me­gi, il­kin­ji ge­zek tö­we­rek­dä­ki ses­ler bi­len bir ha­tar­da, ene-ata­sy­nyň «ba­lam» di­ýen mä­hir­li sö­zü­ni eşit­me­gi, il­kin­ji ge­zek köp­çü­li­giň öňün­de ze­hin-ba­şar­ny­gy­ny aç­ma­gy… ýa­ly buý­sanç­ly baş­lan­gyç­lar ýü­rek­le­ri tol­gun­dyr­ýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Ogul­ja­han Ata­ba­ýe­wa­nyň ýo­ka­ry jo­gap­kär­çi­lik bi­len alyp bar­ýan iş­le­ri gaz­na­nyň işi­ne tä­ze­çe öwüş­gin çaý­ýar. Go­laý­da ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Ogul­ja­han Ata­ba­ýe­wa­nyň dün­ýä­niň hem-de Ýa­kyn Gün­do­gar se­bi­tiň meş­hur «Al-Ara­bi­ýa» te­le­ýaý­ly­my­nyň esa­sy alyp­ba­ry­jy­sy Riz­wan Han bi­len bo­lan söh­bet­deş­li­gi hem gaz­na­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ne hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Şol söh­bet­deş­lik­de Oguljahan Ata­ba­ýe­wa ýur­du­myz­da ene­li­gi, ça­ga­ly­gy go­ra­mak, ösüp bar­ýan ne­sil­ler ba­ra­da ala­da et­mek Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň
hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýan­dy­gy­ny bel­läp, mu­nuň özi di­ňe bir mil­li sy­ýa­sa­ty­my­zyň esa­sy bö­le­gi bol­man, eý­sem, bi­ziň mil­li­li­gi­mi­ziň hem öze­ni­ni düz­ýän­di­gi­ni uly buý­sanç bi­len bel­le­di.
Ýur­du­myz­da maş­ga­la gym­mat­ly­gy­nyň hem-de ça­ga­la­ryň sag­dyn bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da giň ta­gal­la­la­ryň edil­ýän döw­rün­de ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň işi­niň baş mak­sa­dy ça­ga­la­ra ýar­dam ber­mek, ola­ryň hu­kuk­la­ry­ny, bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça mak­sat­la­ýyn, örän anyk mak­sat­na­ma­la­ry we tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, ola­ryň sag­ly­gy üçin äh­li ze­rur zat­lar bi­len üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Hä­zir­ki wagt­da gaz­na di­ňe bir Türk­me­nis­tan­da­ky ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra kö­mek ber­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­le­rin­dä­ki şeý­le ýag­daý­da­ky ça­ga­la­ra-da ýa­kyn­dan gol­daw ber­ýär. Soň­ky dö­wür­de Azi­ýa­da­ky, Ýew­ro­pa­da­ky, Ýa­kyn Gün­do­gar­da­ky ha­ýyr-sa­ha­wat we yn­san­per­wer ugur­ly gu­ra­ma­lar bi­len gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy hem-de go­ýul­ýar. Gaz­na­nyň ha­sa­by­na Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da bo­lup ge­çen ýer­tit­re­me ze­rar­ly ejir çe­ken ça­ga­la­ra yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­ni ber­mek bi­len, sag­ly­gy go­ra­mak üçin ze­rur bo­lan en­jam­lar, egin-eşik­ler, iý­mit önüm­le­ri ug­ra­dyl­dy. Mun­dan baş­ga-da, Uk­rai­na­nyň, Pa­les­ti­na­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, şeý­le hem Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pri­morsk se­bi­ti­niň ça­ga­la­ry­na yn­san­per­wer­lik gol­da­wy be­ril­di.

Gun­ça­gül GA­RA­MA­NO­WA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.