Niderlandlaryň taryhynda iň ýaş Premýer-ministr saýlandy. 38 ýaşly Rob Ýetten azlyk hökümeti Patyşa Willem-Aleksandryň diwanynda kasam kabul etdi.
“Ekstra Bladet” neşiriniň habar bermegine görä, Ýetten Ýewropa meýilli merkezçi-sagçy “D66” partiýasynyň lideridir. Bu partiýa merkezçi-sagçy CDA we VVD partiýalary bilen birigip, parlamentiň aşaky palatasyndaky 150 orundan 66-syna eýe bolan koalisiýany döretdi.
Koalisiýa, adaty ýagdaýda köplük hökümetleri emele gelýän ýurtda syýasy eksperiment hökmünde garalýar. Emma syýasy gurşawyň näbelli şertlerinde köplük goldawyny gazanmak gitdigiçe kyn düşýär.
Şunlukda, Ýetten we hökümetiň beýleki agzalary indi hödürlenjek her bir kanun taslamasy boýunça garşydaşlarynyň goldawyny almaly bolarlar.
“Politico”-nyň ýazmagyna görä, Ýetten 2023-nji ýyldan bäri 1966-njy ýylda esaslandyrylan we gysgaça “D66” diýlip atlandyrylýan «Demokratlar 66» partiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Bu Ýewropa meýilli partiýa bolup, ol adatça şäherlerde ýaşaýan ýokary girdejili saýlawçylary özüne çekýär.
PDF









