Rumyniýada geçirilen prezident saýlawynda ýeňiş gazanan Nikuşor Dan kasam kabul edip, wezipesine girişdi. Indi ol Premýer-ministrini bellemeli. Buharestiň öňki häkimi kasam kabul ediş dabarasynda giňişleýin özgertmeleriň zerurdygyny aýdyp, bilim, saglygy goraýyş, adalat we ykdysadyýet ýaly pudaklary gowulandyrmagy wada berdi. Dan parlamenti we jemgyýeti Rumyniýanyň ösüşlerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Rumyniýa ikinji synanyşygynda prezidentini saýlady, 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen ilkinji saýlawyň netijesi Konstitusiýa kazyýeti tarapyndan ýatyryldy. 18-nji maýda tamamlanan ses berişlik, çaklamalara ters gelmedi. Dan bäsdeşi Jorj Simiondan 7 göterimden artyk ses alyp, ýeňiş gazandy.