6-njy oktýabrda edebiýat boýunça 2022-nji ýylyň Nobel baýragyna fransuz ýazyjy zenany Anni Erno öz eserlerinde batyrgaý pikirleri beýan edenligi üçin mynasyp boldy.
Şu gün Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisi yglan ediler. 10-njy oktýabrda Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisi yglan ediler. Bu baýrak Nobeliň beýleki baýraklaryndan has soň – 1968-nji ýylda Şwesiýanyň Döwlet banky tarapyndan döredilipdi.
Baýraklar Alfred Nobeliň aradan çykan güni bolan 10-njy dekabrda gowşurylar. Her ugurda Nobel baýragynyň pulunyň mukdary 10 million şwed kronyna (900 müň dollar) deň bolup, birden köp adam mynasyp görlen halatynda, pul baýragy olaryň arasynda deň bölünýär.
PDF









