Formula 1 boýunça möwsümiň 13-nji ýaryşy Belgiýada geçirildi. Ýagyş sebäpli ýaryş 1,5 sagada golaý giç başlady. Stawelot şäherindäki 7,004 kilometrlik “Spa-Frankorşam” trassasynda geçirilen 44 aýlawlyk ýaryşda “McLaren” topary goşa üstünlik gazandy. Ýaryşy 1 sagat 25 minut 22,601 sekuntda tamamlan awstraliýaly Oskar Piastri 3 ýaryşdan soň birinjiligi eýeledi. Bu onuň şu möwsümdäki 6-njy, karýerasy boýunça-da 8-nji ýeňşidir. Ýaryşa ilkinji hatardan bat alan toparyň britan sürüjisi Lando Norris yzly-yzyna 2 birinjilikden soň bu gezek 2-nji orun bilen oňňut etmeli boldy. Ol topardaşyndan 3,415 sekunt gijä galdy. Ýeňiş münberini tamamlaýan 3-nji sürüji “Ferrari” toparynyň monakoly piloty Şarl Lekler boldy. Entek ýeňiş gazanyp görmedik Lekler şu möwsümde 4-nji gezek 3-nji orny eýeledi.

Sprint ýaryşynda ýeňiji bolup, Belgiýa “Gran Prisinden” goşmaça 8 utuk bilen dolanan “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen 4-nji hatarda ýaryşy tamamlady.

Geçirilen 13-nji ýaryşdan soň Piastri 266 utuk bilen sanawyň başyny çekip gelýär. Topardaşy Norrisiň ondan 16 utugy az 250 utuk bilen 2-nji ýeri eýeleýär. 3-nji orundaky Werstappeniň 185 utugy bar.

F1-de möwsümiň 14-nji ýaryşy 3-nji awgustda Wengriýanyň Magýorod şäherçesindäki Hungaroring trassasynda geçiriler.