Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäginde Ýewropa zolagynda “I” toparçada Norwegiýanyň ýygyndysy taryhy başarnyk görkezdi. Norwegiýanyň ýygyndysy soňky 2 duşuşygynda 4-1-lik hasaplar ýeňiş gazandy. Estoniýany Sörlot hem-de Holannyň hersiniň 2 gol geçirmeginde ýeňen Norwegiýa 8-nji duşuşygyny Milanda Italiýanyň ýygyndysy bilen geçirdi. Moldowany 2-0 hasabynda ýeňen Italiýanyň ýygyndysy bu duşuşykda norwegleriň derwezesinden jogapsyz 9 gol geçiren ýagdaýynda toparçada 1-nji orny eýelemäge mümkinçilikleri bardy. Ýöne duşuşyk garaşylmadyk hasap bilen tamamlandy. Espositonyň goly bilen öňe geçen italýanlar 2-nji ýarymda derwezelerinden 4 gol geçirtdi. Gollary Antonio Nusa (63), Erling Holann (77, 79) hem-de Larsen (90+3) öz atlaryna ýazdyrdylar. Şunlukda, Norwegiýanyň ýygyndysy 8 duşuşykda-da ýeňiş gazanyp, taryhy görkezijiler bilen taryhynda -nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Olar soňky gezek 1998-nji ýylda, ondan öňem 1994-nji we 1938-nji ýyllarda gatnaşypdylar.

Soňky 2 ýaryşyň daşynda galan 4 gezek Dünýäniň çempiony Italiýanyň ýygyndysy bolsa futbolyň iň uly bäsleşigine wekilçilik etmek üçin pleý-off tapgyryna gatnaşar. Jennaro Gattuzonyň ýolbaşçylygynda ilkinji gezek utulan italýanlar onuň tälimçiliginde 5 oýunda yzly-yzyna ýeňiş gazanypdylar. Gattuzo Italiýanyň milli toparynyň taryhynda ilkinji 5 duşuşykda ýeňiş gazanan 3-nji tälimçi boldy.
PDF









