Erih Mariýa Remark, Mariýa Korelli we Jek London 2025-nji ýylda daşary ýurt nusgawy ýazyjylarynyň ilkinji onlugynyň başyny çekdiler. Daşary ýurt nusgawy edebiýaty segmentinde 6 ýazyjy we 12 eser ýokary oňyn dinamika (10%-den köp) görkezdi diýip, “Eksmo-AST” neşirýat toparynyň metbugat gullugy habar berdi.
2025-nji ýylda iňlis ýazyjysy Korelli aýratyn tapawutlandy, onuň “Şeýtanyň gussasy” (“The Sorrows of Satan”) romanynyň satylyşy (2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende) 228% ýokarlandy we eserleriň reýtinginde birinji ýere çykdy. Mundan başga-da, Korelli awtorlaryň arasynda 248% ösüş bilen (2024-nji ýyla görä) Remarkdan soň ikinji ýeri eýeledi. Ýazyjylaryň arasynda üçünji ýer Jek Londona nesip etdi.
Şeýle hem şotland ýazyjysy we lukman Arçibald Kronin bellenilip geçilýär, onuň eserleriniň meşhurlygy 2024-nji ýyl ýyl bilen deňeşdirilende 51% artdy. Reýtingde “Broudiniň galasy”, “Ýyldyzlar aşak seredýär”, “Sitadel” ýaly eserleri tapmak bolýar.
Şeýle hem Jon Steýnbekiň döredijiligine bolan gyzyklanma 37%, Brem Stokere bolsa 21% artdy. Onore de Balzagyň eserlerine gyzyklanma 21%, onuň “Otuz ýaşly zenan” romanyna bolsa 40% ýokarlandy.
Iogann Wolfgang fon Gýoteniň “Faust” eseri okyjylaryň ünsüni çekdi (+33%). Şeýle hem meşhur nusgawy kitaplaryň sanawynda: Mario Pýuzonyň “Atalyk” (+37%), Margaret Mitçelliň “Ýel bilen gidenler” (+11%) we Aleksandr Dýumanyň “Graf Monte-Kristo” (+21%) eserleri bar.
2025-nji ýylyň iň meşhur 50 awtorynyň sanawyna 2024-nji ýylky reýtingde bolmadyk atlaryň birnäçesi girdi: “Narniýanyň hronikalary” bilen tanalýan Klaýw Steýplz Lýuis, ýapon edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Osamu Dadzaý we filosof Žan-Pol Sartr.
PDF









