Demokrat Zohran Mamdani öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş edip, Nýu-Ýork şäheriniň häkiminiň saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny mälim etdi. Ol 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Nýu-Ýork şäheriniň täze häkimi boljakdygyny yglan etdi. Mamdaniniň garşydaşy, garaşsyz dalaşgär Endrýu Kuomo hem demokratyň ýeňşini ykrar etdi. “Zohran Mamdanini gutlaýarys” diýip, Kuomo tarapdarlaryna ýüzlenip aýtdy. Şäheriň meri wezipesine dalaş edýän respublikaçy Kertis Sliwa hem ýeňilendigini boýun aldy.
Sesler henizem sanalýar, ýöne “Fox News”, NBC, CBS, CNN, “Associated Press”, “The Wall Street Journal” we “The New York Times” eýýäm Mamdaniniň ýeňiş gazanjakdygyny çaklaýarlar. Eger çaklamalar tassyklansa, 34 ýaşly Mamdani 100 ýyldan gowrak wagtdan soň şäheriň iň ýaş meri, şeýle hem bu wezipäni eýeleýän ilkinji musulman we afrikaly (ol Ugandada doglan) bolar.
4-nji noýabrda Nýu-Ýork şäheriniň häkimi wezipesine demokrat Mamdani we Nýu-Ýorkuň öňki gubernatory we garaşsyz dalaşgär Endrýu Kuomo we respublikaçy Kertis Sliwa bäsleşdiler. Saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, 1969-njy ýyldan bäri ilkinji gezek şäher häkiminiň saýlawlaryna 2 milliona golaý adam gatnaşdy.
PDF









