9-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasy öz işine başlar we 2026-njy ýylyň 8-nji sentýabryna çenli dowam eder. “Iň gowusy bilelikde: 80 ýyl parahatçylygyň, ösüşiň we adam hukuklarynyň hatyrasyna” atly şygar bilen geçiriljek ýubileý sessiýasynda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Ozal habar berlişi ýaly, Germaniýanyň öňki daşary işler ministri Annalena Berbok şu ýylky sessiýanyň başlyklygyna saýlandy. Onuň saýlanmagy taryhy pursat bolup, bu wezipäni eýelän bäşinji zenan we Ýewropa sebitinden hem ilkinji zenan. Berbok öz çykyşlarynda häzirki wagtda dünýäde emele gelen geosyýasy dartgynlyk ýagdaýynda agzybirligiň we gepleşikleriň möhümdigini öňe sürýär. Öňde boljak sessiýa global syýasat üçin ýeňil bolmadyk döwürde geçirilýär. Gün tertibine uzaga çeken gapma-garşylyklary çözmek, parahatçylygy ýola goýmak we täze çökgünlikleriň öňüni almak meseleleri girýär.
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen ýörite howa sammitini guramagyna garaşylýar. Ýörite çärede, esasan hem, ösüp barýan ýurtlaryň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek ugrundaky ýeten sepgitleri gözden geçiriler. Sessiýanyň barşynda ynsanperwer maksatnamalary maliýeleşdirmek meselelerine hem aýratyn üns berler. Şeýle-de guramanyň 80 ýyllygy mynasybetli, XX asyryň hakykatlaryna laýyk getirmek maksady bilen guramanyň gurluşlaryny özgertmek baradaky ýygy-ýygydan edilýän çagyryşlara hem garalar.
Esasy wakalar sentýabryň soňky 10 gününde bolar. 23-nji sentýabrdan 27-nji sentýabr aralygynda umumy çekişmeler geçirilip, BMG-ä agza 193 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary öz ýurtlarynyň daşary syýasatyny we global meseleleri çözmek baradaky garaýyşlaryny kesgitleýän ýüzlenmeler bilen çykyş ederler. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň diňe bir ýubileý çäresi bolman, eýsem, ýakyn ýyllarda dünýä jemgyýetçiliginiň ösüş wektorynyň kesgitlejek esasy platforma boljakdygy habar berilýär.