Nýu-Ýorkuň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçysy wezipesine saýlanan Zohran Mamdani 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gije kasam kabul edip wezipesine girişdi. Ýaş ýolbaşçynyň kasam kabul edişlik dabarasy şäheriň metrosynyň “City Hall” bekedinde geçirildi. Bu duralga geçen asyryň ortalarynda ulanyşdan galyp, häzirki wagtda diňe syýahatçylaryň gezelenç etmegi üçin ulanylýar.
Mamdani geçen ýylyň noýabrynda geçirilen saýlawda ýurduň iň uly we gurply şäheri hasaplanýan Nýu-Ýorkuň munisipalitetiniň ýolbaşçysy wezipesine saýlanypdy. 34 ýaşly Mamdani 2026-njy ýylyň ilkinji minutlarynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasyny Nýu-Ýork ştatynyň Baş prokurory Letitia Jeýms alyp bardy. Mamdani wezipesine başlan wagty, Nýu-Ýorkuň taryhynda Gurhana elini goýup kasam kabul eden ilkinji ýolbaşçy boldy. Ol atasyndan galan mukaddes Gurhanyna elini goýdy. Şeýlelikde Demokratlaryň dalaşgäri bolan Mamdani şäheriň ilkinji musulman ýolbaşçysy boldy. Ol saýlaw kampaniýasynda şäherdäki gozgalmaýan emlägiň bahasynyň artyşyny togtatjakdygyna, tölegsiz awtobus we çagalar bagy hyzmatlaryny ýola goýjakdygyna wada beripdi. Şäherde 2 milliondan gowrak saýlawçy bar.
Ugandada hindistanly maşgalada dünýä inen Mamdani şol bir wagtyň özünde ilkinji afrikaly munisipalitet başlygy boldy.
PDF









