Britaniýanyň “Foster + Partners” binagärlik býurosy tarapyndan Nýu-Ýork şäherinde “270 Park Avenue” gökdiräni bina edildi. Ol derrew şäheriň iň gözel ýerleriniň hem-de ABŞ-nyň iň beýik binalarynyň birine öwrüldi.
Gökdiräniň beýikligi 423 metr. Bina açylandan soňra ol ýerde “JPMorgan Chase” maýa goýum bankynyň baş edarasy ýerleşdi. Dar ýer bölegine ýerleşýän täze gökdirän özboluşly dizaýna eýedir. Binanyň kuwwatly sütünleri ony şäher derejesinden ýokary göterýär. Onuň fasady bürünç aýnadan ýasalyp, bu ýagdaý töweregindäki beýleki aýna diňler bilen ajaýyp kontrasty emele getirýär. 60 gatly binada 10 müň işgär işleýär, şeýle hem 8 sany söwda meýdançasy we uly çäreler üçin meýdançalar bar. Ýokarky gatlarda müşderiler üçin dolandyryş ofisleri we müşderileri kabul ediş otaglary ýerleşýär.
“270 Park Avenue” gökdiräni Nýu-Ýork şäherindäki gökdiränleriň arasynda altynjy we ABŞ-nyň binalarynyň arasynda sekizinji orunda durýar. Şeýle hem, ol dünýäde 35-nji ýerde durýar. Täze gökdirän “LEED Platinum” derejesine mynasyp boldy, sebäbi onuň gurluşygynda ulanylan materiallaryň 97 göterimi şol ýerde duran öňki binanyň galyndylaryndan gaýtadan işlenip düzüldi.
 PDF
 PDF 
		

 
                         