Ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Onuň ös­dü­ril­me­gi­ne döw­let ta­ra­pyn­dan uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 – 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» bel­le­nen we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, bug­da­ýyň we go­wa­ça­nyň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, daý­han­la­ryň ýe­re bo­lan hö­we­si­ni art­dy­ryp, yh­las­ly zäh­met çek­mek­le­ri üçin, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri yk­dy­sa­dy taý­dan hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Dä­ne­çi­lik we pag­ta­çy­lyk ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­nyň stra­te­gik ugur­la­ry­dyr. Bug­da­ýyň hem-de «ak al­ty­nyň» ön­dü­ril­me­gi we gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän oba ho­ja­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry hök­mün­de kes­git­le­nen­dir. Pag­ta­çy­lyk oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­gi ös­dür­mek we yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar.
Top­ra­gyň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak, eke­ran­çy­lyk­dan alyn­ýan ha­sy­ly art­dyr­mak, to­hum­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu pu­da­gy­na san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak pu­da­gyň öňün­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da oba­se­na­gat top­lu­my­na döw­let ta­ra­pyn­dan gol­daw ber­me­giň bi­te­wi ul­ga­my­nyň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li do­wam et­dir­mek, we­la­ýat­la­ryň we et­rap­la­ryň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýer­leş­dir­mek, ekin do­la­ny­şy­gy­ny yl­my esas­da alyp bar­mak, ekin­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak esa­syn­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni has-da art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan döw­rün­de ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, şeý­le hem pi­lä­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak we hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da hem de­giş­li iş­ler ýo­la go­ýul­dy. Türk­men top­ra­gyn­da ýü­pek­çi­li­giň ta­ry­hy asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýar. Ýü­pek­çi­li­giň mil­li däp­le­ri, aja­ýyp ýü­pek ma­ta­la­ry we ha­ly­la­ry do­ka­ma­gyň usul­la­ry ne­sil­den-nes­le ge­çi­ri­lip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­tip ge­lip­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz pi­le ön­dür­mek­de ýo­ka­ry us­sat­ly­ga ýe­tip­dir­ler. Bu iş sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ri­lip, ýü­pek­den ha­ly we ma­ta do­ka­ma­gyň yg­ty­bar­ly usul­la­ry dö­re­di­lip­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myzyň «Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ese­rin­de ýü­pek­çi­li­giň ta­ry­hy ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar ge­ti­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýü­pek­çi­lik ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty­nyň gel­je­gi uly pu­dak­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Onuň önüm­le­ri­ne içer­ki we dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýär. Oba­se­na­gat top­lu­myn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­ler we se­bit­le­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­lar bu se­ne­diň gal­kyn­ma­gy­na iter­gi ber­di.
Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan bu ugur­da ýü­pek­çi­le­re de­giş­li ýar­dam­lar be­ril­ýär. Ýü­pek çig ma­ly ýur­du­my­zyň eks­por­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Da­şa­ry ýurt­ly kom­pa­ni­ýa­lar ýo­ka­ry hil­li ýü­pek sü­ýü­mi­ne, luk­man­çy­lyk­da, awia­si­ýa se­na­ga­tyn­da we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň beý­le­ki pu­dak­la­ryn­da ula­nyl­ýan teh­ni­ki ýü­pek önüm­le­ri­ne uly is­leg bil­dir­ýär­ler. Ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri di­ňe bir ýur­du­my­zyň dok­ma pu­da­gyn­da däl, eý­sem, beý­le­ki pu­dak­lar­da-da uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da hu­su­sy kär­ha­na­lar­da ýü­pek el ha­ly­la­ry­nyň, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň, şol san­da mil­li keş­de­çi­lik sun­ga­ty­nyň önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de, ýü­pek ýüp­lü­gi­niň we sa­pa­gy­nyň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär.

Mer­jen ÝAÝ­LY­MO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.