Oba ho­ja­lyk pu­da­gy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, zäh­met gat­na­şyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge, daý­han­la­ry giň­den gol­da­ma­ga, top­ra­gyň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na ze­rur azyk­lyk önüm­le­riň, se­na­gat üçin gym­mat­ly çig mal­la­ryň ön­dü­ri­li­şi­ni düýp­li art­dyr­ma­ga çyn­la­kaý üns ber­ýär. Be­ril­ýän gol­daw-ýar­dam bol­sa iş­le­riň iler­le­me­gi­ne ge­tir­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne ge­çen oba ho­ja­lyk ýy­ly­nyň önüm­çi­lik gör­ke­zi­ji­le­ri hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny ga­zan­ma­gyň yg­ty­bar­ly ýol­la­ry­nyň bi­ri ekin­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­dyr. Geçen ýyl döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­la­ýat­lar­da ýer­den, suw­dan, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ryn­dan we mi­ne­ral dö­kün­ler­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mek ar­ka­ly pag­ta­nyň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni has-da art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz bo­ýun­ça şu ýyl de­giş­li möç­ber­de pag­ta ön­dü­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça Ka­ra­ra gol çek­di. On­da go­wa­ça­nyň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da beý­le­ki mö­hüm çä­re­ler bi­len bir ha­tar­da, eke­ran­çy­lyk­da mi­ne­ral dö­kün­ler­dir suw üp­jün­çi­li­gi­ni ga­zan­ma­gyň mö­hüm­di­gi aý­ra­tyn bel­le­nil­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän hi­mi­ýa kär­ha­na­la­ry­nyň sa­ny bar­ha art­ýar. Ýur­du­myz­da «To­hum­çy­lyk ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na we beý­le­ki ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, şeý­le hem hal­ka­ra tej­ri­bä esas­la­nyp, to­hum­çy­lyk işi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi ýur­du­myz­da eke­ran­çy­ly­gy tä­ze­çil esas­da ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň Yl­my-bar­lag dä­ne­çi­lik ins­ti­tu­tyn­da güýz­lük bug­da­ýyň «Ser­dar», «Ar­ka­dag», «Py­ra­gy» at­ly tä­ze sort­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hem mu­nuň şeý­le­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­niň öw­re­nil­me­gi­ne we or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, de­giş­li ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Oba ho­ja­ly­gy­ny dur­nuk­ly ös­dür­mek hem-de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly ugur­lar­da BMG-niň Azyk we oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy (FAO) bi­len hyz­mat­daş­lyk ös­dü­ril­ýär.
Döw­le­ti­miz­de oba ho­ja­ly­gy­ny yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ýo­ka­ry gir­de­ji­li pu­da­gy­na öwür­mek üçin bar bo­lan müm­kin­çi­lik­ler peý­da­la­nyl­ýar, şol bir wag­tyň özün­de, pu­da­gyň iş­gär­le­ri­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw be­ril­ýär, oňa ma­ýa go­ýum­la­ry çe­kil­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da bu pu­dak dur­nuk­ly ös­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Mu­ny «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 – 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mil­li Mak­sat­na­ma­sy» hem tas­syk­la­ýar. Pu­da­gy ös­dür­mek­de Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Oňa la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da azyk, guş­çu­lyk, et we süýt önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň se­na­gat kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak üçin şert­ler dö­re­dil­ýär.

Jeý­hun GEL­DI­ÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.