Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ene toprakdan bol hasyl almak üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerine hemmetaraplaýyn goldaw bermegi ugur edinýän oýlanyşykly strategiýa bu toplumyň okgunly ösmegini şertlendirýär. Şunda oba hojalygynyň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek, pudagyň düşewüntliligini artdyrmak, oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, dürli hojalyk düzümleriniň arasynda bäsdeşlige ukyply gurşawy döretmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny hem-de seçgiçiligi ösdürmek, innowasiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, dolandyryşyň, bazar gatnaşyklarynyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, oba ýerlerinde durmuş meselelerini netijeli çözmek esasy ugurlaryň hatarynda durýar. Şu nukdaýnazardan 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi has-da uly ähmiýete eýe boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz oba hojalyk pudagyny has-da ösdürmek babatda möhüm resminamalara gol çekdi. Şoňa laýyklykda, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikleri döretmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi. Oba hojalyk ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmegi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde möhüm ädim bolar.
Pudagy ösdürmekde Oba milli maksatnamasyna-da aýratyn orun degişlidir. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda azyk, guşçulyk, et we süýt önümçilik kärhanalarynyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin şertler döredilýär. Oba hojalygyny ykdysadyýetiň ýokary girdejili pudagyna öwürmek üçin bar bolan mümkinçilikler netijeli peýdalanylýar we bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şoňa laýyklykda, ýylyň ýylyna pagtanyň hem-de bugdaýyň satyn alyş nyrhlary ýokarlandyrylýar. Täze nyrhnama laýyklykda, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberde, nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde, ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberde bellenildi.
Şeýle ýeňillikler ýurdumyzda pagta ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, gowaçanyň ir ösüp ýetişmegi, hasyllylygy we süýüminiň ýokary hili bilen tapawutlanýan täze ýerli görnüşlerini döretmek ugrundaky işleriň depgini güýçlendiriler.
Umuman, oba hojalyk pudagynda-da düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Edermen daýhanlarymyz bugdaýyň hem pagtanyň, şeýle-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyny beýgeldýärler. Geljekde-de daýhanlarymyzy ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidiler.
Jennet GARAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.