Meteorit gözleýjiler asman daşynyň böleklerini tapmak üçin Amerikanyň Ogaýo ştatyna tarap ýola düşdüler, eger tapdyraýsa, onuň satuwyndan millionlarça dollar gazansa bolar diýip, “Associated Press” habar berýär. Agentligiň maglumatlaryna görä, 17-nji mart gijesi ştatlaryň birnäçesiniň ýaşaýjylary asmanda otly şary görüpdirler. Soň anyklanyp görülse, ol kosmosdan uçup gelen ýedi tonnalyk daş bolup, Kliwlendiň golaýyndaky Walli-Siti şäheriniň ýokarsynda dargapdyr.
Hususy toplaýjy Roberto Wargas daşyň gaçanyny bilip, şol günüň özünde Ogaýo ugrapdyr we 18-nji martda onuň iki sany bölegini tapypdyr. Wargas meteoridiň uly bölegini tapmaga umyt edýär, sebäbi şeýle daşy ummasyz pula satyp bolýar, ýagny onuň bir gramy bazarda 10 müň dollara bahalanýar.
Başga bir amerikaly Geýb Leýdi bolsa, öz tapan meteorit bölegini satmakçy däldigini, ony geljekde muzeýe tabşyrjakdygyny aýdýar.
PDF









