27-28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021” atly XXVI Halkara maslahaty (OGT-2021) geçiriler.
Bu halkara maslahaty “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň we Beýik Britaniýanyň “GaffneyCline” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk etmekliginde “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar.
OGT (“Türkmenistanyň nebiti we gazy”) halkara maslahaty daşary ýurtly kompaniýalaryň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen her ýylda geçirilýän uly ähmiýetli çäredir.
Maslahatyň maksady energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi babatda sebitleýin gepleşikleri güýçlendirmek we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat.
Maslahatyň çägindäki işewür maslahatlara gatnaşmak, potensial maýadarlaryň nebit-gaz pudagy we gazy himiýa arkaly gaýtadan işlemek boýunça täze maýa goýum taslamalary, özleşdirilen ýataklarda nebit we gaz çykarylyşyny optimallaşdyrmak, şeýle hem, Hazar deňziniň türkmen sektorynda täze deňiz sebitlerini özleşdirmek baradaky habardarlygyny ýokarlandyrar.
Maslahatyň çäginde geçiriljek tanyşdyryşlar we mejlislere gatnaşyjylara Türkmenistanyň ýangyç-energiýa toplumynyň ösüşine täsir edýän soňky sebit we global meýiller, energiýa diplomatiýasy, şeýle hem, iri sebit taslamalary, şol sanda, TAPI gaz geçirijisiniň gurluşygy barada maglumat berer.
Maslahata öňdebaryjy milli we halkara nebit we gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, halkara maliýe institutlary, şeýle hem, diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş sebitde nebitgaz pudagynyň geljegini kesgitleýän hünärmenler gatnaşar.
Bu ýylky konferensiýanyň täzeligi 4-nji mejlisinde “Dubai Expo 2020” Bütindünýä sergisi bilen teleköpri arkaly göni aragatnaşyk ýola goýlar. Bu mejlis “Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri – pes uglerodly geljege geçişde esasy çeşmeler” ady bilen geçiriler. Mejlis Aşgabatdaky konferensiýa meýdançasynda we Türkmenistanyň “Dubai Expo 2020” sergi pawilionynda birwagtda geçiriler.
Bu halkara maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.
OGT-2021 halkara maslahatyna adaty tertipde gatnaşmak bilen bir hatarda daşary ýurtlardan onlaýn görnüşde hem gatnaşarlar. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar hem (adaty we onlaýn) görnüşde geçiriler.
OGT-2021 halkara maslahaty barada giňişleýin maglumaty www.ogt-turkmenistan.com internet saýtyndan alyp bilersiňiz!