Aşgabatda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2025) resmi hasaba alnyşy başlandy. «Energiýa. Innowasiýa. Ösüş» şygary astynda geçiriljek OGT 2025-e 60-dan gowrak ýurtdan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Çäräniň guramaçylary bolup «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş edýärler.

Milli we halkara nebit-gaz kompaniýalaryny, şeýle hem nebitgaz pudagynyň milli we sebitleýin geljegini kesgitleýän hünärmenlerini we maliýe guramalaryny birleşdirýän Halkara maslahatda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrmak, dünýä energetikasynyň energetiki geçiş we dekabrbonizasiýa ugurlary boýunça derňewler, uglewodorod känleriniň özleşdirilişiniň ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleri, uglewodorod çykaryşynda emeli intellektiň artýan orny ýaly mowzuklarda bilermenleriň çykyşlary diňlener.
Şeýle-de maslahatda halkara maýa goýujylara we hünärmenlere şu ugurlarda döwrebap maglumatlar we çuňňur derňewler hödürlener:
– Galkynyş gaz käniniň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri;
– Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy;
– Hazar deňziniň türkmen sektoryndaky maýa goýum taslamalary;
– Tebigy gazyň täze ugurlar boýunça eksportynyň giňeldilmegi;
– Gaz gaýtadan işlemek we nebit-himiýa senagatynyň ösüşi;
– Durnukly ösüş başlangyçlary, şol sanda metan zyňyndylaryny azaltmak we täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalar.

Giňişleýin maglumat üçin çäräniň resmi web sahypasyna ýüz tutup bilersiňiz.