Türkmenistanyň Mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Fransiýa Respublikasynyň «Lion işewürlik mekdebi» ýokary okuw mekdebiniň hormatly doktory» diýen ady gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Dabarada çykyş eden «Lion işewürlik mekdebi» ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy Erwe Dias Gahryman Arkadagyň başlangyjy bilen döredilen Haýyr-sahawat gaznasynyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhüm bölegi bolan ynsanperwer ýörelgeleriň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň goşandyna ýokary baha berdi. Erwe Diasyň bellemegine görä, «Lion işewürlik mekdebi» dünýäde giňden tanalýan bilim merkezleriniň biridir. Ýokary okuw mekdebiniň hormatly doktory diýen at dünýäde çagalaryň abadançylygyny üpjün etmäge, parahatçylyga we durnukly ösüşe goşant goşan döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň ýolbaşçylaryna berilýär.
Soňra San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila-Nowa söz berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen alyp barýan ynsanperwer işler nusgalykdyr. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň şanly baýramynyň dabaralarynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa degişli sylagy gowşurmagyň özi üçin belent hormatdygyny nygtady.
San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila-Nowa soňra dabaraly ýagdaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa «Lion işewürlik mekdebi» ýokary okuw mekdebiniň hormatly doktory» diýen hormatly adyň dakylýandygy hakynda degişli güwänamany we nyşany gowşurdy. San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti mynasyp bolan ýokary sylagy bilen Oguljahan Atabaýewany tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, çagalaryň bähbidine durmuşa geçirýän ynsanperwer işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Oguljahan Atabaýewa çykyşynyň ahyrynda bildirilen belent hormat we ýokary sylag üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.