Yzygiderli okamak, ýazmak we gaýry dilleri öwrenmek demensiýanyň (akylyň kemelmegi) ýüze çykmak töwekgelçiligini, tas 40% peseldip bilýär. Bu barada “The Guardian” neşiri amerikan alymlarynyň barlaglaryna salgylanyp habar berýär.
Alymlar sekiz ýylyň dowamynda 1 müň 939 sany uly ýaşly adama (ortaça ýaşy 80 töweregi) gözegçilik etdiler. Bu döwrüň içinde gatnaşyjylaryň 551-sinde demensiýa ýüze çykdy. Ömrüniň dowamynda köp okaýan, ýazýan we öwrenýän adamlar alsgeýmer keseline has seýrek duçar bolýarlar.
Intellektual işjeňligi iň ýokary derejede bolan adamlarda alsgeýmer keseliniň töwekgelçiligi 38%, ýeňil kognitiw bozulmalaryň töwekgelçiligi bolsa 36% pes boldy. Mundan başga-da, olarda keseliň alamatlary ortaça birnäçe ýyl giç ýüze çykdy.
Barlagyň awtory Andrea Zammit alnan netijeleriň örän ruhlandyryjydygyny mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, ömrüň dowamynda dürli intellektual taýdan höweslendiriji işlere yzygiderli gatnaşmak kognitiw funksiýalara (akyl ukyplaryna) täsir edip biler.
2050-nji ýyla çenli demensiýaly adamlaryň sany tas üçden iki bölek artar. Bu barada Alsgeýmer keselini öwrenmek boýunça Ýewropa guramasy habar berdi.
Mundan ozal, gündelik işjeňlik ritminiň bozulmagynyň we gijräk oýanyp-turmagyň uly ýaşly adamlarda demensiýanyň ösmek töwekgelçiligi bilen baglanyşykly bolup biljekdigi anyklanypdy.
PDF









