Angliýanyň çempionaty “Premier Liganyň” lideri “Arsenal” oktýabr aýynda geçiren 6 duşuşygynda-da ýeňiş gazandy. Üstesine ýeke oýunda hem gol geçirtmedi. Şeýle waka iňlis klublary üçin ilkinji gezek hasaba alynýar. “Arsenal” geçen aýyň dowamynda oýnan 6 duşuşygynda garşydaşlarynyň derwezesinden 12 gol girizdi. Şol duşuşyklaryň 3-si “Premier Liganyň” çäginde, 2-si Çempionlar Ligasynyň, beýkesi bolsa Liga Kubogynyň duşuşygydy. APL-de geçiren şol duşuşygy hem London şäheriniň klublary bilen bolan oýunlardyr.
“Arsenal” Çempionlar Ligasynda “Olimpiakosy” 2-0, APL-de şäherdeşi “West Hamy” 2-0, myhmançylykda “Fulhamy” 1-0 hasaplar bilen ýeňdi. Çempionlar Ligasynda “Atletiko Madridiň” derwezesinden jogapsyz 4 gol geçiren “Arsenal” milli çempionatda “Kristal Palasy” 1-0, Liga Kubogynyň 1/8 finalynda bolsa “Braýtony” 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Geçirilen 12 goluň 3-sini Bukaýo Saka, 2-sini Gýokereş, 2-sini Gabriel Martinelli öz atlaryna ýazdyryp, Raýs, Trossar, Eze, Nwaneri hem-de Gabriel 1 gezek tapawutlandy.
“Arsenal” çempionatda 9 oýunda 16 gol geçirip, 3 gol geçirtdi. Topar “Çelsiniň” rekordyna golaýlap barýar
PDF









