Adam­lar ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri haý­sy­dyr bir maşk ýa-da sport bi­len meş­gul­la­nyp­dyr­lar. Sport gör­nüş­le­ri, esa­san, oýun­lar bi­len bag­ly bo­lup­dyr. Sport be­de­ni­ňi ber­kit­mä­ge, ça­la­syn­ly­gy­ňy, hüş­gär­li­gi­ňi art­dyr­ma­ga we beý­le­ki ukyp­la­ry­ňy kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şol se­bäp­li dür­li halk­lar­da dür­li sport gör­nüş­le­ri we oýun­la­ry peý­da bo­lup­dyr. Dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän bu oýun­la­ryň ta­ry­hy hem ir­ki dö­wür­le­re uzap gid­ýär.

Il­kin­ji olim­pi­ýa oýun­la­ry mi­la­dy­dan öňki 776-njy ýyl­da Gre­si­ýa­da­ky Olimp da­gy­nyň (ýur­duň çä­gin­dä­ki iň be­ýik dag) go­la­ýyn­da­ky ady­bir se­bit­de ge­çi­ri­lip­dir. Olim­pi­ýa sö­zi hem şol at bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Il­ki­baş­da bu ýer­de tür­gen­ler öz ara­la­ryn­da yl­ga­mak ar­ka­ly bäs­le­şip­dir­ler. Bir gün do­wam ed­ýän ýa­ryş­da ini 32 metr­lik, uzyn­ly­gy 192 metr­lik ara­lyk ge­çi­lip­dir. Bu oýun­lar ýe­ňil at­le­ti­ka­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne şert dö­re­dip­dir. Soň­ky ýyl­lar­da dür­li ara­lyk­lar­da dür­li oýun­lar gu­ra­lyp­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len boks, gö­reş, at ara­ba­ly ýa­ryş­lar hem go­şu­lyp, olim­pia­da­nyň do­wam­ly­ly­gy 5 gü­ne ýe­ti­ri­lip­dir. Il­ki 8 ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler soň­lu­gy bi­len 4 ýyl­dan ge­çi­ri­lip baş­la­nyp­dyr. Bu bäs­le­şik­le­re gat­naş­jak tür­gen­ler ýa­ryşa bir aý öňün­den taý­ýar­la­nyp­ başlapdyr­lar. Mi­la­dy­dan öňki 146-njy ýyl­da bu oýun­lar Afi­ny­da ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. Bu däp bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň 392-nji ýy­lyna çen­li do­wam edip­dir.

Ýa­ryş­da üs­tün çy­kan, has dog­ru­sy, pel­le­ha­na il­kin­ji bo­lup ge­len tür­ge­ne zeý­tun şa­ha­jyk­la­ryn­dan täç ber­lip­dir. Şä­her mer­ke­zin­de bol­sa «Pry­ta­neion» at­ly myh­man­ha­na­da olar üçin ýö­ri­te da­ba­ra ge­çi­ri­lip­dir. Has ta­pa­wut­la­nan tür­gen­le­riň heý­ke­li otur­dy­lyp­dyr we olar dür­li ýe­ňil­lik­ler­den peý­da­la­nyp­dyr.

Ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­riň bir­nä­çe­si­niň sak­la­nyp ga­lan Olim­pi­ýa şä­he­ri 1989-njy ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär.

Ýa­ry­şyň ge­çi­ril­ýän ýe­rin­dä­ki yl­gaw ýo­da­sy­na «sta­di­um» diý­lip­dir. «Sta­di­um» aýak üs­tün­de dur­mak diý­me­gi aň­lad­ýar. Şol dö­wür­ler tomaşaçylaryň bäs­le­şi­ge aýak üs­tün­de to­ma­şa ed­ýän­dik­le­ri üçin şeý­le at ber­lip­dir. Bu söz il­ki tür­gen­le­riň yl­ga­ýan ýo­da­sy üçin däl-de, ör tu­rup ýa­ry­şa syn ed­ýän to­ma­şa­çy­lar üçin ula­ny­lyp­dyr.

Olim­pi­ýa oýun­la­ry 12 asy­ra go­laý wagt şol bir şä­her­de ge­çi­ril­ýär. Em­ma il­kin­ji döw­re­bap Olim­pi­ýa­da 1896-njy ýyl­da Gre­si­ýa­nyň paý­tag­ty Afi­ny­da ge­çi­ril­ýär.

Gü­nüň dog­ýan ýur­du­nyň paý­tag­tyn­da mun­dan ozal 1964-nji ýyl­da hem Olim­pi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­lip­di.

Olim­pi­ýa ala­wy 25-nji mart­da ýur­duň Fu­ku­şi­ma şä­he­rin­de ýa­kyl­dy we ýur­duň äh­li şä­her­le­ri­ne aý­la­nyp, 9-njy iýul­da To­kio geti­ril­di.