«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýyla gadam basan türkmen ili hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda has-da abadan geljegine barýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly özgertmeler durmuşa geçirilip, üstünlikli netijeler gazanylýar. Bu ösüşleriň her biri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny, beýik işlerini dowam edýän, olara rowaçlyk berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän belent maksatlardyr. Şeýle öňegidişligiň gazanylmagynda gurluşyk we senagat pudagynyň hem mynasyp paýy bar. Çünki, milli ykdysadyýetiň ösüşlerini senagatlaşdyrmakdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Milli ykdysadyýet bolsa ýurduň kuwwatlylygyny we durnukly ösüşini üpjün edýär. Ýurdumyzyň ösen senagatly ýurda öwrülmeginde gurluşyk senagatyny ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini köpeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümleriň öndürilişini artdyrmak ýaly wajyp wezipeler üstünlikli çözülýär.
Ugurdaş kärhanalaryň arasynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan düzümleriň biri hem geçen 2024-nji ýyly ýokary görkezijiler bilen tamamlan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem muňa göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan bu zawodyň 2015-nji ýylda durky täzelenip, häzirkizaman innowasion enjamlar ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde dünýä ülňülerine gabat gelýän, gurluşykda ulanylýan demir-beton önümleri öndürilip başlandy. Şeýlelikde, öndürilýän önümler mukdar taýdan artyp, hil taýdan has ýokary derejelere çykdy.
Önümçilik kuwwaty ýylda 50 müň kub metr gurnama demir-beton önümleri bolan zawodda häzirki wagtda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Kärhana meýilleşdirilen işleri her aýda ähli ykdysady görkezijiler boýunça möhletinden has öň ýerine ýetirýär. Bu iri kärhanada öndürilýän önümler: binanyň daşky we içki diwarlary üçin niýetlenen beton önümler, bassyrmalar, aýnalardyr gapylar üçin niýetlenen beton birikdirijiler, ekologiýa taýdan arassa, howpsuz demirbeton önümleri gurulýan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň gurluşyklaryna yzygiderli ugradylýar. Işine ezber, tejribeli hünärmenler bölümlerde oturdylan kuwwatly enjamlaryň ygtybarly ulanylmagy, önümleriň hiliniň ýokary bolmagy üçin yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle bolansoň, geçen ýylda 36 müň kub metr demir-beton önümlerini öndürmegi göz öňünde tutup, ony 36 müň 632 kub metr edip ýerine ýetiren kärhananyň önümlerine isleg örän uly. Geçen ýyl kärhana önüm öndürmek boýunça meýilnamany 104,6 göterim, öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105,5 göterim ýerine ýetirdi.
2016-njy ýyldan bäri kärhanada gurluşyk bölümi hem hereket edip, zawodyň gurluşyk-gurnama önümleri ýaşaýyş jaýlarynda, önümçilik binalarynda ulanylýar. Gurluşykçylar Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda edara binasyny we ýaşaýyş jaýyny gurup, ulanmaga tabşyrdylar. Daşoguz şäheriniň Oguzhan köçesinde Awtotürgenleşik mekdebiniň gurluşygy, Şagadam hem-de Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky köçeleriň ugrunda, degişlilikde, 1 sany 4 gatly, 24 öýli, 1 sany 4 gatly 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle hem Daşoguz şäheriniň N.Andalyp adyndaky köçäniň ugrunda 1 sany 4 gatly, 48 öýli iri panelli ýaşaýyş jaýynyň, welaýatyň Şabat etrabynyň Gümrük nokadynyň Awtomobil gözegçilik-geçiriş ýerinde gurulýan karantin merkeziniň, Daşoguz şäheriniň we Şabat etrabynyň çäginde birnäçe ýeňillikli karzyň hasabyna ipoteka ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Zawodyň gurluşykçylary gurluşyk-gurnama işleri boýunça geçen ýylyň meýilnamasyny hem 116,5 göterim ýerine ýetirdiler.
Kärhanada kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň 350-ä golaýy agzybirlikli zähmet çekýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy hem işgärleriň öndürijilikli işlemekleri üçiň ähli amatlyklaryň, howpsuz iş we oňat dynç alyş şertleriniň döredilmegi üçin degişli işleri alyp barýar. Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk okuwlary guralýar. Degişli tertipde ýörite geýim, aýakgap we gorag serişdeleri bilen mugt üpjün edilýär. Ýeri gelende bellesek, zawodda işçi-hünärmenleriň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak babatda hem uly aladalar edilýär. Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaý toplumyndan zawodyň buýurmasy esasasynda 2 sany 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýy guruldy. Bitaraplyk baýramynyň 29 ýyllygynyň uludan bellenilýän günlerinde 48 sany bagtyýar maşgala jaý toýlaryny toýladylar.
Eziz Watanymyzyň ümzügi öňe ilerläp, durmuşymyz gül-reýhana beslenen bossanlygy ýatladýar. Asudalyk, jebislik, Bitarap Türkmenistany dünýäde nusgalyk ýurda öwürmek ugrunda çekilýän agzybirlikli zähmet durmuşymyzy özgerdip, kalbymyzda egsilmez buýsanç duýgusyny joşdurýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda zähmet adamsy hakda edilýän aladalara göwni galkynan zawodyň işçi-hünärmenleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary önümçilik görkezijilerine beslemegi maksat edinýärler.
Goý, asuda ýurdumyzda ýetilýän şöhratly menziller hemişe dowamat-dowam bolsun! Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Jumagül Hojaýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.