“Ember” we “Global Offshore Wind Alliance” (GOWA) maslahat beriş kompaniýalary suwüsti ýel turbinalary barada maglumat taýýarlady. Ýer ýüzünde suwüsti (offshore) ýel beketleriniň önümçilik kuwwaty 2030-njy ýyla çenli 3 esse artar. Häzirki wagtda kenardan uzakdaky ýel beketleriniň önümçilik kuwwaty 83 GW-a ýetýär. Maglumatda dünýäniň 27 ýurdunda we birnäçe sebitlerde suwüsti ýel beketleriniň önümçiliginiň artdyrylmagy meýilleşdirilýär. Suwüsti ýel beketleriniň önümçiliginde Ýewropa öňe saýlanýar. Sebitiň 15 ýurdunda 2030-njy ýyla çenli gurulmagy maksat edinilýän suwüsti beketleriniň umumy önümçilik kuwwaty 99 GW-a ýeter. Bu bolsa, Ýewropany energiýa öwrülişiginde öňdebaryjy ýerleriň hataryna goşar.
Aziýa ýurtlarynda bolsa, Hindistan 30–37 GW, Ýaponiýa 41 GW, Günorta Koreýa, Taiwan we Wýetnam bolsa her biri 41 GW goşmaça suwüsti ýel beketlerini gurmagy meýilleşdirýär.
ABŞ-nyň 11 ştatynda bolsa, önümçilik kuwwaty 84 GW boljak täze suwüsti beketler gurlar.
Hytaýda 2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan maksatnamada her ýylda önümçilik kuwwaty azyndan 15 GW bolan suwüsti beketleriň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Ýurtda geçen bäşýyllykda her ýylda ortaça 8 GW suwüsti ýel beketleri guruldy.
Myratmuhammet Gurbabnow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
 PDF



		

                         
                         



