“OpenAI” Hindistanda iri taslamany – azyndan, 1 gigawat kuwwaty bolan maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Nýu-Delide öz ofisini açmagy meýilleşdirýär. “Bloomberg”-iň habaryna görä, “OpenAI” taslamany durmuşa geçirmek üçin hindi hyzmatdaşlaryny gözleýär, ýöne ýerleşjek ýeri we gurluşygyň başlanjak wagty entek kesgitlenmedi. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Sam Altmanyň Hindistana boljak sapary wagtynda resmi taýdan mälim edilmegine garaşylýar.
Bu desga, “Stargate” atly “OpenAI”-yň global infrastruktura başlangyjynyň bir bölegi bolup, bahasy 500 milliard dollara ýetip biler. “Stargate”-iň çäklerinde eýýäm ABŞ-da, BAE-de we Norwegiýada maglumat merkezleri gurulýar we Hindistanda meýilleşdirilýän desga Aziýada uly ähmiýete eýe bolar.
Hindistanyň emeli aň bazary durnukly ösýär we ulanyjylaryň sany boýunça ikinji ýerde durýar. Uly maglumat merkeziniň açylmagy ýerli maglumatlary gaýtadan işlemegi, bökdençligi azaldyp, hyzmatlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrar.