“OpenAI” tölegli abuna bolmazdan hem ähli “ChatGPT” ulanyjylary üçin elýeterli bolan “GPT-5” emeli aň modelini hödürledi. Işläp düzüjiler täze önümiň öňki nusgasynyň esasy artykmaçlyklaryny özünde jemleýändigini we barlaglardan we derňewlerden başlap, programmirlemegine we amaly meseleleriň çözülmegine çenli köp meseleler üçin niýetlenendigini bellediler.
Esasy täzelikleriň biri hem emeli aň bilen aragatnaşygyň “äheňini” saýlamak mümkinçiligidir. Onda jemi 5 usul bar: standart, erkin, robot, diňleýji we botanik. Şeýle hem ses tertibi hem kämilleşdirildi, oňa habarnamalar üçin reňk bezegi we “Google” poçtasy we “Google” senenama bilen integrasiýa goşuldy.
“GPT-5” özünden öňkülerden gepleşiklerde ýokary takyklygy we çeýeligi saklamak bilen, kämilleşdirilen tekst öndürmek we maglumatlary seljermek algoritmlerini miras aldy.