“OpenAI” kompaniýasy “ChatGPT”-ni has akylly, gepleşikde has tebigy bolan “GPT-5” seriýasynyň täze wersiýasyny – “GPT-5.1”-i çykardy. Täzelenme ilki tölegli ulanyjylar üçin ýaýradylýar we ahyrsoňy hemmeler üçin elýeterli bolar. Täze önüm iki esasy modeli öz içine alýar. Iň köp ulanylýan “GPT-5.1 Instant” indi gepleşik üçin has amatly. Ol çylşyrymly sorag üçin has köp wagtyň gerekdigini kesgitläp, uýgunlaşyp “pikirlenip” bilýär we bu bolsa has takyk we doly jogap bermäge mümkinçilik berýär.
Bu, esasanam, matematika we programmirleme meseleleri üçin peýdalydyr. “GPT-5.1” has çuňňur seljerme we pikir ýöretme üçin niýetlenendir: ol ýönekeý soraglara çalt jogap berýär we has çylşyrymly soraglara jikme-jik, düşnükli jogaplary berýär.
PDF









