Amerikanyň “ChatGPT” ulgamyny esaslandyran “OpenAI” kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin hasaplaýyş mümkinçiliklerini satyn almak maksady bilen “Oracle” korporasiýasy bilen bäş ýyllyk şertnama baglaşdy. “Oracle”-yň täze girdejileriniň uly bölegi “OpenAI” bilen şertnamadan alynýan girdejiler bilen baglanyşyklydyr. Bahasy 300 milliard dollar bolan şertnamanyň bahasy häzirki wagtda “OpenAI”-yň girdejilerinden ep-esli ýokary bolup, “bulut” hasaplaýyş pudagynda baglaşylan iň uly şertnamalaryň biri hökmünde görkezilýär. Şeýle hem, şeýle maglumatlary gaýtadan işleýän merkeziň işi üçin 4,5 gigawat kuwwat gerek bolar, bu bolsa takmynan 4 million hojalygyň sarp edýän elektrik energiýasyna deňdir.