Soňky ýyllarda tehnologiýa kompaniýalary nusgalyk görnüşdäki elektroulaglary işläp taýýarlaýarlar. Iki ýyl mundan ozal Ýaponiýanyň «Sony» kompaniýasy özüniň ilkinji ulagyny halkara sergide görkezipdi. «Huawei», «Apple» we «Xiaomi» kompaniýalary hem bu ugurda işleýärler. Olaryň hataryna Hytaýyň «Oppo» telefon öndüriji kompaniýasy hem goşulmakçy. Munuň üçin kompaniýanyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Toni Çeniň ýolbaşçylygynda topar döredildi. Bu topar awtoulag işläp taýýarlamak üçin iş alyp barar. Kompaniýa bu babatda ABŞ-nyň dünýä belli «Tesla» kompaniýasyna batareýa öndürýän CATL kompaniýasy bilen gepleşikler geçirýär. Häzire çenli kompaniýa uzaklyk ölçeýän enjamlaryň, kameralaryň we ulagyň ýerleşişini kesgitleýän tehnologiýalar üçin patentini aldy.
Güýzmyrat SERDAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.