Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşda ýaşaýan bagtyýar raýatlarymyz üçin milli däp-dessurlary, tagat-ybadatlary berjaý etmäge ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu gün ýurdumyzyň ähli metjitlerinde azan sesleri ýaňlanýar.
Oraza aýy musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan sabyr we rehimdarlyk döwri bolup, 18-nji fewraldan 19-njy marta çenli dowam eder. Bu aýda musulmanlar daň atanyndan Gün batýança iýip-içmekden saklanyp, agyz bekleýärler, agşam bolsa tarawa namazyny okaýarlar.
Remezan aýy haýyr-sahawat işleriniň we sabyrlylygyň aýydyr. Oraza arapça «sawm» sözi bilen aňladylýar. «Sawm» sözi «bir zatdan daş durmak, saklanmak, böwet bolmak» manylarynda ulanylýar. Oraza tutmak yslamyň bäş esasyndan biridir. Agyz beklemek üçin daň atmanka iýilýän nahar «suhur», Gün batandan soň agyz açmak bolsa «iftar» diýlip atlandyrylýar.
Her bir musulmanyň ýüreginde aýratyn orun eýeleýän mukaddes oraza aýy – agyz beklemegiň, päklenmegiň we haýyr-sahawatyň döwri ýetip geldi. Oraza tutmak ynsanlara ybadaty berjaý etmegi, şepagatly bolmagy ündeýär, nebsine buýurmaga, ýaramaz endiklerden saklanmaga kömek edýär. Aslynda, adamlar bütin ýylyň dowamynda bolluk bilen iýip-içip ýaşaýarlar. Her ýylyň dowamynda oraza aýynda agyz beklese, ynsanyň saglyk ýagdaýy has berkäp, gurbaty artýar.
Bu aýda sadaka bermegiň, başgalara agyz açdyrmagyň, selälige turýanlaryň naharyny taýýarlamagyň hem uly sogaby bar. Pygamberimiz hadyslarynda: «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun!» diýipdir. Oraza ýagşy edep-ekramly bolmagyň tebibidir.
17-nji fewralda ýurdumyzyň ähli metjitlerinde mukaddes oraza aýynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan tarawa namazy okaldy. Ol agzybirligiň, dostlugyň we ruhubelentligiň nyşany hökmünde bütin oraza aýynyň dowamynda okalar.
Mälim bolşy ýaly, oraza yslam senenamasynda aýratyn orun eýeleýär. Bu mukaddes aýda her bir musulman hoşniýetli we sogap işleri etmäge, birek-biregiň göwnüne degmezlige we günälerini geçmäge çalyşýar. Şu döwrüň maksady ynanç-ygtykaty berkitmekden, ruhubelentlik ýörelgelerine eýermekden, ahlak gymmatlyklaryna göz ýetirmekden, öz kemçilikleriňi düzetmekden ybaratdyr.
Bu aý her bir adamyň kalbynda iň gowy häsiýetleri oýarýan sahawatlylygyň we rehim-şepagatlylygyň döwrüdir. Adam ýagşy we asylly işleri amala aşyryp, daşymyzy gurşap alan dünýä bilen aýratyn sazlaşyk döredýär we ynamyny berkidýär. Şu mukaddes aýda Beýik Biribardan dileg edilip, sadakalar berilýär.
Mukaddes oraza aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän gije – Gadyr gijesi musulmanlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Gadyr gijesinde keramatly Gurhanyň ilkinji aýatlary iberilipdir.
Agyz beklemek aýy tamamlanandan soň, 20-nji martda mukaddes Oraza baýramy bellenilip geçiler. Goý, okalan aýat-dogalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun, mukaddes oraza aýynyň her bir güni ruhubelentlikde geçip, ata Watanymyzyň parahatçylygynyň, ösüşiniň we rowaçlygynyň bähbidine çäksiz söýgä, rehim-şepagatlylyga we sogap işlere beslensin!
Orazaňyz kabul bolsun!
Mamajan HAÝTMURADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF









