Norwegiýanyň paýtagty Oslo Beýik Britaniýanyň iň uly kruiz kompaniýasy bolan “Iglu Cruise” tarapyndan düzülen dünýäniň iň “ýaşyl” şäherleriniň halkara reýtinginde birinji orny eýeledi.
“Ýaşyl indeksi” düzmekde bagy-bossanlyklaryň paýy, jemgyýetçilik seýilgähleriniň sany we howanyň hili göz öňünde tutuldy. Şäher 100 baldan 77,3 bal almagy başardy. Bu görkeziji howanyň ýokary derejedäki tämizligi we ýaşaýjylaryň 95 göteriminiň ýaşyl zolaklara örän golaý aralykda ýaşaýandygy bilen şertlendirildi.
Ikinji orunda 72,3 bal bilen Wilnýus şäheri ýerleşdi. Litwanyň paýtagtynyň meýdanynyň 61 göterimi “ýaşyl” zolaklar üçin bölünip berlipdir, şeýle hem şäherde 1,5 müň kilometre golaý pyýada we welosiped ýodalary bar.
Ilkinji onluga Helsinki, Wena, Kanberra, Sidneý, Stokgolm, Singapur, Reding we Mýunhen ýaly şäherler hem girdi.
Hünärmenler tebigy syýahata bolan gyzyklanmanyň artýandygyny we syýahatçylaryň şäher durmuşy bilen tebigaty utgaşdyrýan ugurlary barha ýygy saýlaýandyklaryny belleýärler.
Norwegiýanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri şeýle reýtingleriň Oslonyň ekologiýa taýdan arassa we durnukly şäher hökmündäki halkara abraýyny berkidýändigine ynanýarlar. Soňky ýyllarda paýtagtda syýahatçylyk akymynyň artmagy we myhmanhanalaryň dolulygy boýunça rekord görkezijiler hasaba alynýar.