Hytaýyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini ýylyň üçünji çärýeginde garaşylandan pes boldy. Ýurduň Milli statistika edarasynyň (NBS) maglumatlaryna görä, Jemi Içerki Önüm (JIÖ) üçünji çärýekde geçen ýylyň degişli döwründäkiden 4,9 göterim ýokary boldy. Dünýäniň iň uly ikinji ykdysadyýetine eýe bolan ýurtda ýylyň birinji çärýeginde 18,3 %, ikinji çärýekde 7,9 % göterim ösüş hasaba alynypdy. Bilermenler soňky maglumatlaryň pandemiýadan soňra dikelýän hytaý ykdysadyýetindäki ösüş depgininiň pese gaçyp başlandygyny görkezýändigine ünsi çekýärler. Bu pese gaçyşlykda ýurtda gozgalmaýan emläk pudagynda emele gelen bökdençligiň hem täsiri bardygy çaklanylýar. Hytaýyň bu pudakda iş alyp barýan “China Evergrande” kompaniýasynyň 300 milliarddan gowrak bergisi bar.