Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek hem-de senagat, ulag infrastrukturasyny giňeltmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Esenguly etrabyndaky 8 gektar meýdanda ýerleşýän, Ýewropanyň ýokary hilli tehnologiýalary ornaşdyrylan, deňiz suwundan bir gije-gündiziň dowamynda 20 müň kub metr arassa agyz suwuny öndürmäge ukyply bolan agyz suwuny arassalaýjy täze desga diňe bir arassa agyz suw üpjünçiliginiň binýadyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.
Karbamid öndürýän döwrebap toplumyň gurulmagy bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmegine uly itergi berer. Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler. Bu döwrebap kärhanada öndüriljek dökünler daşary ýurtlara hem eksport ediler. Şeýle beýik işler täze kärhanada müňden gowrak täze iş ornunyň dörediljekdigi we zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsiniň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertleriň dörediljekdigi üçin begenjimiziň çägi ýok.
Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Balkan welaýatynyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly desgalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle hem Gyzylarbat etrabynda döwrebap obanyň, häzirki zaman köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar.
Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi, Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy bolsa welaýatymyzyň ösüşlere beslenýändigini ýene bir gezek subut edýär.
Halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak döwletlilik hasaplanýar. Ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen barha rowaçlanýar. Welaýatymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrjak karbamid öndürýän döwrebap toplumyň düýbüniň tutulandygy, agyz suwuny arassalaýjy täze desganyň açylandygy, köpri gurmak, ýol çekmek ýaly sogap işleriň ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde Balkan welaýatynda hem durmuşa geçirilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Güljahan GARAKGAÝEWA,
Gyzylarbat etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy.
PDF









