Finlýandiýanyň Oulu we Slowakiýanyň Trençin şäherleri 2026-njy ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary hökmünde saýlandy diýip, Ýewropa komissiýasy habar berdi. Ýewropa Geňeşiniň goldawy bilen, şu ýylyň dowamynda bu şäherlerde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň baý medeniýetini açyp görkezýän medeni çäreler, sergiler we sungat çykyşlary bolar.
16-18-nji ýanwarda Oulu şäherinde bu dabaralara badalga bermek çäresi geçer, onuň maksatnamasy “Medeniýet we howanyň üýtgemegi” diýlip atlandyrylyp, möhüm ählumumy meseleleri öz içine alar diýip, Ýewropa Geňeşi habar berdi.
Trençinde 13-15-nji fewralda ýylyň medeni paýtagty derejesine bagyşlanan festiwal geçiriler. Ol “Bilesigelijiligiň oýanyşy” atlandyrylmak bilen, adamlaryň, geçmiş bilen geljegiň, hyýalyň we hakyky durmuşyň arasynda köprüleri gurmaga ylhamdyrmaga gönükdirilendir.
“Ýewropanyň medeni paýtagtlary” diýen başlangyç 40 ýyl bäri bileleşigiň şäherleriniň ýaşaýjylaryny medeni köpdürlilige hormat goýmaga, medeni maksatnamalara goşulyşmaga, ýerli hem-de sebit ösüşine çekmäge mümkinçilik berýär diýlip, habarda bellenýär.