Aýdym-saz sungaty nesilleriň kalbynda watançylyk, gahrymançylyk duýgularyny kemala getirýär, eziz Watana, mukaddes ene topraga, uç-gyraksyz sähralara, ulgam-ulgam çägeli düzlüklere, oba-şäherlere, ile-güne söýgi döredýär. Haçan-da aýdym-sazyň owazy ýaňlananda, ynsan ogly bagtyýar halda kalbyny maýyl eýleýän şirin owazlara bendi bolup, dünýe-älemi unudýar. Aşyk-magşuklar päk söýgülerini, ýürek duýgularyny, pynhan syrlaryny, bir-birege bolan mähir-muhabbetini aýdym-sazyň üsti bilen beýan eýleýär. Gelin-gyzlarymyzyň görk-görmegini, husny-jemalyny, näzli-näzli garaýşyny, uz basyp, seýkin ýöreýşini, şamar saçlaryny, galam gaşlaryny, ok dek kirpiklerini wasp edýän şirin-şeker aýdymlar kalplara şatlyk eçilýär. Ussatlaryň döreden aýdym-sazlaryny diňläniňde, özüňi şeýle bir erkin, şeýle bir bagtly duýýarsyň. Göz öňüňde ömrüň iň süýji pursatlary düýş kibi gaýmalaýar, hyýallaryň geljegiň arzuwlar ummanynda küreksiz-ýelkensiz ýüzýär. Zehinli estrada bagşysy Taňryguly Gurbangulyýew hem şeýle ussatlaryň biridi. Taňryguly bagşy baradaky ýakymly ýatlamalar onuň halkyň ýüreginde öçmejek orun alandygyndan habar berýär.
Taňrygulynyň ýüreginden syzdyryp, owazyny gaýnadyp, joşup aýdýan aýdymlary söbügini basyp gelýän birnäçe ýaşlaryň hem aýdym-saz sungatyna baş goşmagyna sebäp boldy. Bagşynyň kakasy Gurbanguly aga hem aýdyma hiňlenensoň, agasy Myratdyr inisi Bäşim hem aýdym-sazyň muşdagy bolansoň, olaryň maşgalasy özboluşly sungat öýüne çalymdaşdy. Taňryguly bagşynyň agasy Myrat dutarda aýdym aýtsa, inisi Bäşim gitarada ajaýyp sazlary ýerine ýetirerdi. 1974-nji ýylda geljekki sazandalar Aşyrgeldi Çaryýew, Hojamuhammet Öwezgylyjow, Çaryguly Allaberdiýew, Orazguly Suwhanberdiýew, Nurmyrat Gödekow dagy akkordeonda, gitarada, deprekde saz çalyp, aýdyma hiňlenip, sungat ummanyna aralaşyp başlaýarlar. Olary şol ugra iteren hem il içinde adygyp ugran Taňryguly bagşynyň aýdymlarydy. «Biz hem sazanda bolup, Taňryguly bagşynyň ýanynda saz çalsadyk» diýen ýürek arzuwlarydy.
Taňryguly baradaky ýatlamalar bagşynyň dosty Allaberdi Baýramowyň hemişe kalbynda. Ýakymly ýatlamalar ynsan ömrüne ömür goşýar…
Has irräk – heniz 7-nji synp döwürlerinde aýdym-saz mugallymy Ha:ma:t Garaýew Taňrygula şeýle teklip edýär:
– Taňryguly, sen biziň medeniýet öýümize gel, gatnaş! Sende aýdym-saza bolan ukyp bar, zehiniň bar, owadan labzyň, şirin sesiň bar.
Ha:ma:t aganyň özüniň hem juda ýakymly sesi, labzy bardy.
Taňryguly mugallymynyň teklibini göwnühoş kabul etdi. Medeniýet öýüne gatnap başlady, aýdym aýtdy. Mugallym Orazguly Porsyýew hem akkordeonda sazyny çalardy.
Bir gezek oba zähmetkeşleri üçin ýörite dynç alyş konserti guraldy. Şol gün obanyň medeniýet öýi köp adamlydy. Ine-de, sahnada konserti alypbaryjy Ha:ma:t mugallym peýda boldy-da, oturanlara ýüzlendi:
– Mähriban obadaşlar, indi bolsa siziň üçin Taňryguly Gurbangulyýew aýdym aýdýar.
Ol şeýle bir aýdym aýtdy, ýaşajyk Taňrygulynyň şol döwürdäki sesi has başgaça-dy.
Taňrygulyda artistlik ukyby hem bardy. Medeniýet öýünde Baýram Hümmet dagy her dürli sahnalar görkezýärdiler. Şonda Baýram aga Taňryguly bilen bilelikde Kerim Gurbannepesowyň eseri esasynda «Ata we ogul» diýen sahna oýnuny ýerine ýetirdiler. Üstünden elli ýyldan gowrak wagt geçse-de, şol günki täsir häzir hem tomaşaçylaryň kalbyndan çykanok.
Toý bir gowy zat. Toý ýerinde bagşy-sazandalary hezzetläp-hormatlap garşylaýarlar. Bir toýda Taňrygulyny diňlemek üçin adam bary üýşüpdi. Çar ýany ýaňlandyrap, bilbile öwrülen bagşa märekäniň sagbolsunlarynyň yzy üzülenokdy. Şonda bir oglan geldi-de, Taňrygula ýüzlendi:
– Agam, Taňňy, «Bossanym» diýen aýdymy aýtsana!
Bagşy şol aýdymy ýerine ýetirdi. Bir görseler, ýanlarynda, toý sahnasynda oturan ýaňky oglan azajyk bozuljak bolan ýaly, örän gussaly.
– Inim, näme boldy? Ýa aýdym ýaramadymy?
– Ýok, ýok, agam, aýdymy gowy ýerine ýetirdiňiz. Men saňa ýöne şuny aýdaýyn diýdim: şol aýdymyň goşgusy – meniň öz goşgym. Ony saňa başga birinden men berdirdim. Babadaýhanyň «Türkmenistan» obasynda toýda aýdyp durkaň, şol goşguly kagyzy men saňa geçirtdim. «Bossan» diýilýän şol gyz – meniň halan gyzym. Ýöne onuň bilen bagtly bolmak ykbalymda ýok eken.
Ýigidiň gürrüňini diňläp oturanlaryň ählisi gynandy. Taňryguly uludan demini aldy-da, oňa ýüzlendi:
– Inim, sen indi bu aýdymy täzeden ýene bir diňle!
Bagşy şol aýdymy täzeden şeýle bir zarynlap aýtdy welin, biparh diňläp oturmak mümkin däldi. Toýa gelen märeke sahna seredip, ýöne aňk bolup, haýran galyp durdy. Owaz öz serhedinden geçip, göni ýüreklere ornapdy, duýgulara urlupdy, aňlara, kalplara giripdi, zeminde aýlanyp-dolanyp, asman giňişliklerine göterilipdi. Ol aýdym çyn söýginiň hasraty bolup ýaňlanýardy.
Aýdym tamamlanansoň, ol oglan gitdi. Birsalymdan ýene dolanyp geldi. Onuň ellerinde tutawaçlyja mata torbajyk bardy. Howa salkynrakdy. Şol wagt Taňryguly bagşy alaja jemperlidi. Oglan bagşa ýüzlendi:
– Agam, ýaňky meň aýdymymy gaty gowy aýtdyň!
Şeý diýip ýylgyryp durşuna, elini torbasyna ýetirdi.
Taňryguly onuň bir zatlar bermek isleýändigine düşünip, gaýra çekildi:
– Dur-how, näme bu, aýyr, zat gerek däl maňa!
– Agam, şu toýda, şu märekäniň öňünde şuny seň boýnuňa dakjak!
Ol oglan şeý diýdi-de, bagşynyň «ýoguna» garamazdan, akja boýunýaglygy – şarfy onuň boýnuna dakdy:
– Goý, bu menden saňa ömürbaky sowgat bolsun!
– Bolýar, inim, ömrüň uzak bolsun! Taňryýalkasyn! Toýuňda gaýtsyn!
Bagşy boýunbagy boýnuna aýlady-da, bir tarapyny hem egniniň öň tarapyndan aşaklygyna sallap goýdy. Ol bagşa şeýle bir gowy gelişdi. Soň Taňryguly «Bossanym» diýen aýdymy ýene täzeden ýerine ýetirdi. Bagşy ýaňky boýunýaglygy ençeme ýyldan soň hem dakynar ýörerdi…
Allaberdi Baýramow obada topar ýolbaşçy bolup işleýän, Doluhanyň Esen Mellek diýen ýerinde gowaça ekýän döwürleri oba gelende, dosty Taňryguly duşdy:
– Allaberdi dost, meniňem-ä sazandalam Aşyrgeldi bilen Çarygulyny alyp, seniň ýanyňa gezmäge, dynç almaga gidesim gelýär. Ekin meýdanlaryna aýlanyp görsek, otlap ýören dowarlary synlasak, daýhanlara aýdym-saz edip bersek…
– Ajap bolardy, islän wagtyň baryber, Taňňy jan, size garaşarys!
Şol ýyl 1986-njy ýyldy. Şeýlelikde, Doluhanda, Çilide ýerleşýän pagtaçylyk bölümlerine medeni hyzmat guraldy. Amanşagapan oba medeniýet öýüniň başlygy Aşyrgeldidir ýoldaşy Çaryguly, bagşylar Taňrygulydyr Gündogdy, Orazmyrat dagy aýdym-saz edip berdiler. Daýhanlar halk aýdym-sazlaryny hezil edip diňlediler.
Şol döwürler ýaz möwsümi bolansoň, Taňryguly bagşy gawun ekilişi bilen gaty gyzyklandy:
– Bäh, nädip ekýäňiz-aý?! Menem äkidiňsene şol ekin ýere, hem gawun ekilişini göreýin, hemem ýadygärlik bolar ýaly özümem gawun ekip göreýin!
– Aý, höwes bilen äkideris,Taňňy kaka, ekjegiň gawun bolsun!
Taňryguly bagşy şeýdip, şüdügär meýdanda maýdalyna barýan traktoryň azalynda durup, gawun ekip başlady. Bu gyzykly işe derrew ökdeledi. Gyş gawundyr waharmanyň halta-halta çigidini ekdi, topraga tohum sepdi. Şol ekilen gawunlar şeýle bir süýji boldy, şeýle bir tagamly, bereketli-hasylly boldy, ýygnap ýetişseň, zor boldugyň. Şol gezekki hasyl «Taňňy bagşyň eken gawunlary» adynam aldy.
Olar ýazky owlak-guzy möwsüminde ýa-da gyrkym döwürlerinde çopanlaryň goşunda hem bolup aýdym-saz etdiler, maldarlara hezil berdiler.
Taňryguly bagşynyň aýdym-saz gory gaty baýdy, özboluşly labzy, şirin owazy bardy. Ol şu gün bir köçede aýdym aýtsa, ertesi gapdalyndaky köçede tutulýan toýa geçirerdiler, ol toý sowlansaň, beýleki köçä geçirerdiler. Üç-dört günläp şol bir obanyň içinde aýdym aýtsa-da, halk egsilmezdi, diňleýjisi ýetikdi. Sebäbi bagşynyň aýdymlaryndan doýma ýokdy, oňa hemmeler teşnedi. Ony hiç kimiňkä meňzemeýän owazy bilen tanaýardylar.
Ýurdumyzyň ähli ýerinde, ähli welaýatlarynda-da ony gowy görýärdiler. Balkan welaýatynda bolsa has-da hormatlardylar, Gyzylarbada hem köp çagyrardylar. Bir gezek toýa baranlarynda Atabaý Çarygulyew (Türkmenistanyň halk artisti) hem bardy. Ol Taňrygulyny tananokdy. Taňryguly aýdym aýdyp durdy. Atabaý bagşy heniz toý sahnasyndan bärräkde oňa syn edip durdy. Şol barmana Taňryguly Atabaýyň bir aýdymyny ýerine ýetirdi welin, Atabaý bagşy göni sahna baranyny duýman galdy. Ol buýralanyp duran gür gara saçly, bokurdak jemperli, deri penjekli, syratly ýigit Taňrygulyny ýagşy synlady-da oňa ýüzlendi:
– Taňňy bagşymy sen?
– Hawa.
– Ýaňky aýdymy nädäýdiň-aý?
– Näme, oňarmadymmy?
– Oňarmarsyňmy, sen menden gowy aýtdyň-a ony. Asyl seniň beýle sesiň, beýle aýdyşyň bar eken-ow!
Atabaý bagşy şonda Taňrygula juda uly baha beripdi.
1990-njy ýylda Amanşagapan obasynda iki toý bir günde tutuldy. Bir toýda bagşy Kakyş Nazarow aýdym aýdýardy. Ol ýanyndakylardan sorady:
– Näme, bu gün obaňyzda iki toý barmy?
– Hawa, iki toý bar.
– Ol toýda kim aýdýar?
– Taňňy bagşy aýdýar.
– Bä, şeý diýsene, onda toýuň arasynda maý tapyp, baryp, halypa bilen salamlaşyp gaýdyp bolmazmyka?
– Bolar, näme bolman?!
Toý gowy gyzyşansoň, Kakyş Nazar sazandasyna ýüzlendi:
– Sen sazy uzagrak çalaweri, ýaşlar tans etsinler, biz oňa çenli halypa bilen salamlaşyp gaýtjak.
– Arkaýyn gidiber, özüm oňararyn!
Onsoň Kakyş beýleki toýa baryp, Taňryguly bilen salamlaşdy, hal-ahwal soraşdy. Soň hem şeýle diýdi:
– Hany, halypa, biz üçin hem gowy aýdymlaryň birini aýdyp ber.
Şonda bagşy «Dilberim» diýen halk aýdymyny ýerine ýetirdi.
Bagşylar ony hormatlardylar, «Taňňy bar» diýilse, hökman baryp salamlaşardylar.
Nurmuhammet Lotdyýew hem bir obada Taňryguly bilen bir günde aýdym aýtmaly bolupdy. Başda habarsyz bolansoň, ýanyndakylara oslagsyz sowal berdi:
– Beýleki toýda kim aýdym aýdýar?
– Taňňy bagşy.
– Bäý-bä, Taňňy aýdýan bolsa biziň toýumyzda adam bir galarmyka?
Ýaş bagşylar ony şonuň ýaly sylardylar. Şägirtleri köpdi. Ilkibadalar Mälikberdi Gubaýew Taňrygulynyň aýdymlaryny köp aýdardy, soň öz ýoluny tapdy. Taňryguluda tutuş märekäni özüne çekip bilýän labyz, üýtgeşik owaz bardy, hemişe janly sesde aýdardy, aýdym aýtmaly bolsa, hiç wagt ýaýdanmazdy.
Onuň sesiniň derejesine ýetmek köpler üçin gaty kyndy. Saz ylmynda äheň-ton diýilýän ugur bar: ine, käbir aýdymçy-bagşylar Re-den başlap, Lia çenli zordan çekimli aýdymlary aýtsalar, käsi Sio çenli ýetip bilmezdiler. Taňryguly Do-dan başlap, göni Oktawa çekimine baryp bilerdi. Iki gün, üç gün toýda bolsun, hiç sesini ýitirmezdi. Onuň ýanyndaky sazandalary hem hiç ýadamazdy. Bagşynyň niýetine derrew düşünerdiler: toý gowy gyzanda, bagşy halys joşup, ýetjek derejesine ýetende, indiki aýtjak aýdymynyň diňe başky harpyny aýdandan, sazandalary şol aýdymyň sazyny çalyp başlardylar, bagşy bir aýdymdan beýlekä geçende, sazandalar sazlaryň üýtgeýşiniň sepini bildirmezlige çalşardylar. Bagşy durman, yzly-yzyna üç-dört aýdymy aýdardy, şonda-da sesi üýtgemezdi.
Taňrygulynyň aýdymlarynda älem-jahanyň gözellikleri, durmuşyň köp taraply wakalary, ynsan ruhunda hem kalbynda bolup geçýän müň dürli ahwalatlar, duýgy-düşünjeler beýan edildi. Ol aýdymlar adamlary ýagşy işlere ruhlandyrdy, ýüreklere päklik, tämizlik paýlady, köňüllerde ynsanlara, rahat, bagtyýar durmuşa söýgi oýardy, bir-birege pynhan garaýan aşyk-magşuklaryň yşkyny, çekýän hesretlerini, wysal bolan-u-bolmadyk söýgüleriniň owazyny ýaýdy.
Bäşim Ataýew.
PDF









