Türkiýede it, pişik we alajagözen ýaly öýdeçi jandarlara mikroçip dakdyrmak hökmany edildi. Ýurduň Oba hojalyk we tokaýçylyk ministrliginiň Haýwanlary goramak baradaky kanunyna laýyklykda 6 aýdan uly bolan ähli öý jandarlary 31-nji dekabra çenli weterinar lukmanlar tarapyndan mikroçip dakylyp, degişli ulgama hasaba aldyrlmaly. Öýde saklaýan jandaryna mikroçip dakdyryp, hasaba aldyrmadyklara jerime salnar. Çipde jandaryň hojaýynynyň şahsy maglumatlary we habarlaşmak üçin telefon belgisi bilen bir hatarda jandaryň görnüşi, ýaşy, tohumy, alan sanjymlary we beýleki ýagdaýlary ýerleşdirilýär. Bu maglumatlar jandaryň pasportynda hem ýazylgy bolýar. Şeýle hem çip dakdyrylmadyk jandarlar, ýurduň içinde we daşynda hem syýahat edip bilmezler. Täze ýyldan başlap, 6 aýdan kiçi jandarlara hem çip dakdyryp bolar, 6 aýdan uly jandarlara çip dakdyrmadyklara jerime berilmegi dowam etdiriler.
Bilermenleriň bellemeklerine görä, bu düzgün öýdeçi jandarlaryň sanyny bilmäge, olaryň köçä zyňylmagynyň öňüni almaga, sanjym we saglyk bilen bagly işlerini yzarlamaga ýardam eder. Ýiten ýa-da gaçyp giden jandar degişli klinika eltilende, eýesini aňsatlyk bilen tapyp bolar.